Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Žurnalistler açlyk yglan etdiler


"Adam bol" žurnalyna goldaw aksiýasy, Almaty, 24-nji ýanwar, 2015.
"Adam bol" žurnalyna goldaw aksiýasy, Almaty, 24-nji ýanwar, 2015.

Gazagystanda žurnalistleri goraýjy hökümete degişli bolmadyk guramanyň ýolbaşçysy garaşsyz žurnalyň ýapylmagyna garşy protest hökmünde açlyk çekmek aksiýasyna goşuldy.

Ramazan Esergepow Gazagystanyň Almaty şäherinde açlyk çekýän Gulžan Erghaliýewanyň aksiýasyna 26-njy ýanwarda goşuldy.

Ençeme ýyl bäri kanun goraýjy guramalaryň basyşyna duçar bolýan tanymal žurnalist Erghaliewa özüniň “Adam bol” atly žurnalynyň ýapylmagyna garşy protest bildirip, 19-njy ýanwarda açlyk yglan edipdi.

Dekabr aýynda Almaty şäheriniň sudy žurnaly uruşy wagyz etmek üçin ýapmak kararyny yglan etdi.

Suduň kararyna žurnalyň Ukrainada sürgünlikde ýaşaýan oppozision lider Aidos Sadykow bilen söhbetdeşligi çap etmegi sebäp boldy.
Söhbetdeşlikde Sadykow Orsýetiň Ukrainadaky konflikte goşulmagyny ýazgardy.

XS
SM
MD
LG