Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Facebook pygamber meselesinde tankyt edilýär


Pakistanly protestçiler "Charlie Hebdonyň" Muhammet pygamberiü karikaturasyny çap etmegine garşy ýörişe çykdylar. Lahore, 27-nji ýanwar, 2015.
Pakistanly protestçiler "Charlie Hebdonyň" Muhammet pygamberiü karikaturasyny çap etmegine garşy ýörişe çykdylar. Lahore, 27-nji ýanwar, 2015.

Mundan iki hepde owal Facebook sosial ulgamynyň gurujysy Mark Zuckerberg söz azatlygynyň ähmiýeti babatda "Menem Çarli" diýen görnüşde beýannama ýaýratdy.

Ýöne indi Facebook Türkiýede Muhammet pygamberiň suratynyň senzurlanmagyna razylyk beripdir. Aslynda "Charlie Hebdo" žurnalyna hem Muhammet pygamberi ýaňsylaýjy görnüşdäki suratlary çap edenligi üçin hüjüm edilipdi.

Muny ”Washington Post” gazetinde Caitlin Dewey ýazypdyr.

Wada bermek ýagşy, emma...

"Bu, belki-de, internetde garaýyş beýan etmekligiň garaňky tarapyny görkezýär. Bu şol bir wagtyň özünde tankytçylaryň Zuckerbergiň söz azatlygy jarnamasy babatda aýdanlaryna esas bolýar: Wadalar, elbetde, diýseň mylaýym eşidilýär, ýöne Facebook onuň arkasynda doly duranok" diýip, awtor ýazypdyr.

Facebook sosial ulgamy dekabrda Russiýa Federasiýasynda Putini tankyt edýän Alekseý Nawalnynyň sahypasyny senzurlapdyr. Siriýada we Hytaýda bolsa dissidentlere degişli sahypalary petikläpdir. ”Halkara Tibet kampanýasy” Facebookdaky senzura garşy petisiýa taýynlapdyr we ony goldaýan adamlardan 20 müň gol ýygnalypdyr.

Iň biynjalyk edýän ýer

Ankarada, kazyýet karar kabul edenden soň, Facebook "Muhammet pygambere äsgermezçilikli çemeleşýän" sahypalary petikläpdir. Şeýle sahypalaryň sany bolsa aýan edilmändir. Türkiýede indi şeýle sahypalara girmeklik mümkin däl. Owal Türkiýede Twitter we YouTube hyzmatlary-da biraz wagt petiklenipdi.

Awtoryň ýazmagyna görä, Türkiýe Facebook üçin iň biynjalyk ýerleriň biridir. ABŞ-nyň tehnologiýa firmalary üçin mümkinçilik taýdan Türkiýäniň örän uly auditoriýasy bar. Ol ýurduň ilaty artýar, üstesine-de, ýurduň ilatynyň esasy köpçüligi – ýaşlardan ybarat, ýurduň ykdysadyýeti hem çalt depginde ösýär.

Ýöne Faceboogyň geçen ýylyň ilkinji iki aýyna degişli aç-açanlyk boýunça hasabatyna görä, Türkiýe Facebookdan 1893 sany materialyň aýrylmagyny sorapdyr. Şeýle haýyşlaryň aglabasy Mustafa Kemal Atatürkiň ýa-da döwürdeş prezidentiň tankyt edilmegi bilen baglanyşykly materiallar babatynda bolupdyr.

Söz azatlygynyň çägi

Awtor bu meselede şeýle netijä gelýär: "Facebook global firmadyr we, elbetde, her bir ýurduň kanunlaryna hem sarpa goýmalydyr... Ýöne Facebook hut özüni syýasy çykyşyň mukaddes goragçysy diýip görkezýän wagtynda şeýle ädim äden bolsa, onda bu nämäniň alamaty? Bu iň bärkisi ikiýüzlülik ýaly görünýär".

Awtor öz sözüni şeýle jemleýär: Eýse, Hebdo beýannamasynda Zuckerberg: "Men siziň [öz üstüňizden] zorluk howpundan azat gürleşip biljek ulgamyňyzy gurandyryn" diýmänmidi? "Ýöne, meger, ol öz beýanatyna ýene birnäçe sözi goşmagy unudandyr?.. [Belki-de, ol unudylan sözler şulardyr]: Bizden öz hökümetleriňiziň siziň ýazgylaryňyzy aýyrmagy soramazlyklary üçin, diýýän zadyňyz öz ýurduňyzyň senzurasynyň talaplaryny kanagatlandyrmaly”.

XS
SM
MD
LG