Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmen serhetçileri sözünde durmady"


Türkmenistan türkmen-owgan serhedinde garym gazyp, serhet liniýalaryny dikýär.
Türkmenistan türkmen-owgan serhedinde garym gazyp, serhet liniýalaryny dikýär.

Owganystanyň Türkmenistana goňşy käbir etraplarynyň ýaşaýjylary ep-esli wagtdan bäri, türkmen serhetçileriniň özlerine degişli ýeriň bir bölegini eýeläp, häzirki döwürde şol ýerde garym gazyp, serhet liniýalaryny dikip başlandygyny aýdyp şikaýat edýärler.

Bu dawaly toprak esasanam Amyderýanyň suwunyň joşmagy zeräli akymyny Owgan tarapyna üýtgetmegi bilen derýanyň ortasynda dörän adanyň eýeçiligi bilen bagly. Owganystanly türkmenler şol adanyň bir wagtlar öz ýaşaýş jaýlarynyň ýerleşýän ýeri bolandygyny aýdýarlar.

Şol dawalaryň fonunda ýakynda serhetýaka etraplarynda ýaşaýan owgan türkmenleri Türkmenistanyň serhet gullugynyň käbir ýolbaşçylary bilen duşuşyp, öz aladalaryny bildirensoň, serhetde Türkmenistan tarapyndan gazylýan gazym togtadylypdyr.

Owganystanly türkmenleriň käbir wekilleri, şol garym işlerine täzeden başlanandygyny aýdyp, alada bildirýärler. Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymmerdan Guly Myrady, şol ýygnaga gatnaşan owganystanly türkmenleriň ýaşulylaryndan biri Halyk Hajy bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:35 0:00

XS
SM
MD
LG