Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB ylalaşyk barada seresaplylyk bildirdi


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (çepde) we Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Donald Tusk. 12-nji fewral, 2015 ý.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (çepde) we Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Donald Tusk. 12-nji fewral, 2015 ý.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri gündogar Ukraina boýunça gelnen parahatçylyk ylalaşygy barada seresaplylyk bildirdiler.

12-nji fewralda Brýusselde geçirilen ýygnakda ÝB-niň liderleri Moskwa garşy girizilen sanksiýalar ýatyrylmazdan öň, ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň ýerine ýetirilmelidigi barada duýduryş berdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Donald Tusk: “Biziň prezident [Wladimir] Putiniň gowy niýetine ynanjymyz çäkli. Şol sebäpden hem biz sanksiýalary güýçde saklamalydyrys” diýdi.

XS
SM
MD
LG