Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Abadanyň stadiony boş durýar

Abadandaky stadion 10 müň tomaşaça niýetlenýär. Şeýle stadion welaýat merkezlerinde hem açylypdy. Abadan şäheriniň Ahal welaýatynyň düzüminde bolan döwründe hem bu stadionda sport ýaryşlary, hususan-da futbol duşuşyklary az geçirilýärdi. Hatda Ahal welaýatynyň adybir "Ahal" futbol komandasy hem bu stadionda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň çäklerindäki duşuşyklaryny geçirmän, Aşgabat stadionyndaky türgenleşik futbol meýdançasynda duşuşyklaryny geçirmeli bolýardy.

Abadan şäheri paýtagtyň bir raýonyna öwrülenden soňam bu stadionda sport ýaryşlary geçirilmeýär. Esasan bu stadionda köpçülikleýin çärelere taýýarlyk marşirowkalar geçirilýär. Abadan Ahal welaýatynyň düzüminde bolan mahaly bu stadionda Ahal welaýaty boýunça iri köpçülikleýin çäreler geçirilipdir. Stadionyň futbol meýdançasynyň oty ösüp ol kesilmeýäne meňzeýär. Stadionyň sport zallarynda boks, göreş, woleýbol we ýeňil atletika boýunça sport seksiýalary bar. Olara gatnaýanlar az. Stadionyň çägindäki türgenleşik futbol meýdançasynda hem türgenleşýän sportsmenler az.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG