Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Boris Nemsow Moskwada jaýlanýar


Russiýanyň oppozisiýa lideri Boris Nemsow 3-nji martda Moskwada jaýlanýar. Ol 27-nji fewralda Kremliň golaýyndaky köprüde atylyp öldürilipdi.

Moskwadaky raýat hukuklary boýunça tanymal gurama, ýagny Saharow merkezine Nemsowy hormatlap adamlar jemlenen mahaly, oppozisiýa lideriniň dogan-garyndaşlary, ýagny gara ýaglykly zenanlar açyk tabytyň golaýynda durdylar.

Nemsowyň ömrüniň dürli döwrüne degişli ak-gara reňdäki suratlar, onuň ak mata bilen örtülen tabytynyň arkasyndaky kerpiçden ýasalan diwarda asyldy.

Boris Nemsow 1990-njy ýyllarda premýer-ministriň orunbasary wezipesini ýerine ýetiripdi we ol prezident Wladimir Putiniň ýiti tankytçysydy.

XS
SM
MD
LG