Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl: Parlament saýlawlary geçirilýär


Ysraýylyň ses berijileri häzirki wagtda premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň saýlawlarda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýan milli saýlawlara gatnaşýarlar.

17-nji martdaky saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilen pikir soralyşykda Netanýahunyň merkezçi-sagçy “Likud” partiýasynyň Isaak Herzogyň merkezçi-çepçi “Sionist bileleşiginden” yzda barýandygyny görkezdi.

Netanýahu 16-njy martda eden çykyşynda dördünji möhlete saýlanan ýagdaýynda Palestin döwletiniň döredilmejegini aýtdy.

65 ýaşly Netanýahu 2019-njy ýylyň iýul aýyna çenli häkimiýet başynda galsa, onda ol Ysraýylyň iň uzak möhletli premýer-ministri bolup bilýär.

Wadalar

“Sionist bileleşigi” häkimiýet başyna geçse, palestinalylar we halkara jemgyýeti bilen gatnaşyklary gowulandyrmak ugrunda göreşmägi wada berdi.

Şol bir wagtyň özünde Netanýahu saýlaw kampaniýasynyň dowamynda Eýran bilen ýadro ylalaşygynyň baglaşylmagyna garşy göreşjekdigini hem aýdypdy.

Hiç bir tarapyň sesleriň dörtden bir böleginden köp gazanmagyna garaşylmaýar. Emma geçen hepde çap edilen pikir öwrenmeleriň netijelerine görä, “Sionist bileleşigi” Ysraýylyň 120 orunlyk Knessetinde, ýagny parlamentinde iň köp ýere eýe boljaga meňzeýär.

Ysraýylyň prezidenti Reuwlin Riwlin ysraýyllylary köpçülikleýin saýlawlara gatnaşmaga çagyryp, olara “öz ykbalyny öz ellerine almalydyklaryny” aýtdy.

Ünsi başga ýana sowmak

Netanýahu 17-nji martda, ses berensoň eden çykyşynda: “Çepçi partiýanyň täsiriniň öňüni almak üçin, boşlugy doldurmak ugrunda ýeke-täk edilmeli zat - Likuda ses bermeli” diýdi.

Ysraýylyň “Zähmet partiýasynyň” başlygy Herzog we onuň garşydaşy, ýurduň öňki daşary işler ministri we parahatçylyk boýunça araçy Tzipi Liwni Netanýahuny howpsuzlyk boýunça aladalary sosial, şol sanda ýaşaýyş-durmuş üçin çykdajylaryň barha artýandygy bilen bagly derwaýys meselelerden halkyň ünsüni başga ýana sowmak maksady bilen peýdalanmakda aýypladylar.

Herzog, Tel Awiw şäherinde ses berensoň, “Bu saýlawlar özgerişdir umydyň hem-de çäresizlikdir lapykeçligiň arasyndadyr” diýdi.

Netanýahu saýlaw kapmaniýasy döwründe ykdysady meselere o diýen köp üns bermedi. Şol bir wagtyň özünde onuň garşydaşlary bolsa ýurtda garyplar bilen baýlaryň arasynda dörän boşlugy we problemalary çözmegi wada berdiler. Ysraýyllylaryň köpüsi bahasy aşa gymmat bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almakda uly kynçylyk çekýändiklerinden şikaýat edýärler.

Gatnaşyklar

Netanýahunyň garşydaşlary onuň Ysraýylyň Birleşen Ştatlar bilen ýakyn gatnaşyklaryny hem howp astyna salandygyny aýdýarlar.

Ysraýylyň saýlaw sistemasyna laýyklykda, henize çenli hiç bir partiýa Knessetde, ýagny parlamentde ýerleriň aglaba köpüsine eýe bolup bilmändi.

Muňa derek hemişe sesleriň köpüsine eýe bolan partiýa koalisiýany düzmek hukugyna eýe bolupdy.

“Sionist bileleşiginiň”, hökümet koalisiýasyny düzmek hukugyna eýe bolmak üçin, parlamentde azyndan 61 ýer almagy zerur.

XS
SM
MD
LG