Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahat suwsuz galdy


Köçede suw gaplaryny dolduryp duran aşgabatlylar.
Köçede suw gaplaryny dolduryp duran aşgabatlylar.

Düýn sagat 15.00-da paýtagtyň Parahat-2/1 mikroraýonynyň ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsinde suw kesildi. Suw, aradan tas bir gije-gündiz geçenden soň, şu gün günortan sagat 12.00-da berlip başlandy.

Parahat -2/1 mikroraýonyna gözegçilik edýän 14-nji öý uprawleniýesiniň bir işgäriniň aýtmagyna görä, bir gije-gündiziň dowamynda tutuş Parahat-2/1 mikroraýonynda suw bolmandyr. Ol bu adatdan daşary ýagdaýy "Wodokanalyň" bu raýony suw bilen üpjün edýän nasosynyň işlemänligi bilen düşündirdi.

“Nasosnyda tok öçdi. Düýnden bäri Aşset tok edarasy şol ýerde işleýär. Günüň dowamynda bejererler” diýip, öý urawleniýäniň işgärleri ýaşaýjylara düýnden bäri habar berdiler.

Ýaşaýyş jaýlaryny suw bilen üpjün edýän umumy nasosyň sandan çykmagy bilen, öýleriň girelgeleriniň aşaky gatlarynda suw her halda pessaýrak aksa-da, jaýlaryň ýokarky gatlaryndaky kwartilaralarynda doly kesilipdir.

Täsir

Şol bir wagtda hem tutuş bir raýonyň ýüzlerçe kwartiralarynyň suwsuz galandygyna garamazdan, ýerli häkimiýetler ilaty tizden-tiz suw bilen üpjün etmek üçin gyssagly çäreleri görmedier. Ýörite suw awtoulaglary bilen bu raýona suw getirmek işi ýola goýulmady.

Tas bir gije-gündiz diýen ýaly suwyň kesilmegi ýerli ýaşaýjylaryň durmuşyna öz ýaramaz täsirini ýetirdi. Ýaşaýjylar tutuş bir gije-gündizläp ýuwnup, suwa düşüp bilmediler. Öýleriň hajathanalarynda ýakymsyz ysyň höküm sürendigi aýdylýar. Käbir hojalyklarda bolsa azyk önümlerini ýuwmaga-da suw bolmandyr.

Suw kesilmedik ýagdaýynda hem bu raýonyň ýaşaýjylary suw bilen üpjünçilikde çäklendirilen. Bu raýonyň ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsi režimleýin suw bilen üpjün edilýär. Ýagny, suw belli bir wagt berilýär. Suw daňdan sagat 6-dan tä gije sagat 24.00-a çenli berilýär.

“Özem şol režimli suwam kadaly berlenok. Eger tok öçse, umumy nasos işlänok. Onsoň, elbetde, suwam kesilýär. Häli-şindi remont işleri [geçirilýär] diýip, suwuň kesilýän wagty-da az däl” diýip, Parahat-2 mikroraýonynyň ýaşaýjysy Bäşim ilatyň suwdan kösenişi barada gürrüň berýär.

Şol bir wagtda hem agyz suwy diýip berilýän bu suwuň hili hem o diýen däl. Suwda posuň ysy hem bar. “Başaran adam bu suwy içmejek bolýar. Käbir hojalyklar içimlik üçin her gaby 20 litrlik arassa suwdan satyn alýarlar. Käbirleri bolsa çeşme suwuny getirinip içýärler” diýip, Bäşim Azatlyk Radiosy blen söhbetdeşlikde aýtdy.

XS
SM
MD
LG