Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Ylalaşygyň baglaşyljagy nätakyk


Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasynda geçirilýän gepleşiklerde Günbataryň diplomaty Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmek barada çarçuwaly ylalaşygyň 31-nji marta çenli baglaşylyp-baglaşylmajakdygy nätakyklygyna galýar diýdi.

Bu barada adynyň köpçülikde agzalmazlygyny soran diplomat dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň, ýagny Birleşen Ştatlaryň, Russiýanyň, Hytaýyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň arasynda 30-njy martda Şweýsariýanyň Lausanne şäherinde geçirilen gepleşiklerden soň mälim etdi.

Diplomatyň aýtmagyna görä, ýygnakda ylalaşyk baglaşylandan 10 ýyl soň, Tähranyň ýadro hereketleri barada islendik çäklendirmeleriň dowamlylygy bilen ilteşikli meseleler iň kyn gepleşikler bolup durýar.

“Eger biz soraglara jogap tapyp bilmesek, onda ylalaşyk baglaşylmaz” diýip, “Reuters” habar gullugynyň diplomata salgylanyp berýän maglumatynda bellenilýär.

XS
SM
MD
LG