Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýadro gepleşikleriniň soňky tapgyry başlady


Eýranyň we dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň araçylary ykdysady sanksiýalary ýatyrmak şerti bilen, Tähranyň ýadro programmasyny jylawlamak barada çarçuwaly ylalaşyk ýa-da şertnamanyň esasy özenini baglaşmak barada öňünden goýlan wagt möhletiniň tamamlanmagynyň öňýanynda, gepleşikleriň soňky tapgyryny geçirýärler.

Çarçuwaly ylalaşygy baglaşmak barada soňky wagt möhleti golaýlaşýan mahaly, gürrüňi gidýän ýurtlaryň araçylary Eýranyň ýadro hereketleri barada 12 ýyl bäri dowam edýän gepleşikleriň soňuna ýetmek üçin ylalaşygy baglaşmaga synanyşýarlar. Günbatar döwletleri Eýran ýaşyrynlykda ýadro ýaragyny ýasajak bolýandyr öýdüp howatyrlanýar, emma Eýran özüniň ýadro işjeňlikleriniň arassa parahatçylyk maksatlaryny tutýandygyny aýdýar.

Syýasy çarçuwaly ylalaşyk baglaşylsa, ol 30-njy iýunda ylalaşygyň doly görnüşiniň baglaşylmagyna ýol açar.

31-nji martda ir bilen, Birleşen Ştatlaryň, Hytaýyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň ýokary derejeli diplomatlary özaralarynda duşuşyp, soňra olar Eýranyň daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen duşuşdylar.

XS
SM
MD
LG