Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ylalaşygy goldaýar, Ysraýyl ýazgarýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama (sagda) we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu (çepde).
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama (sagda) we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu (çepde).

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Eýranyň ýadro programmasy boýunça geçen hepdede baglaşylan gyraňlaýyn ylalaşyk barada özara gapma-garşylygy dowam etdirýärler.

Obama ýagdaýa düşünjeli garamagyň zerurdygyny aýdyp, Tähranyň ýadro ýaragyny döretmeginiň öňüni almak we Ýakyn Gündogarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin häzirki kabul edilen ylalaşygy “durmuşda bir gezek döreýän mümkinçilik” diýip atlandyrdy.

Obama 5-nji aprelde “The New York Times” gazetinde çap edilen interwýusynda kesgitli şertler esasyndaky hemişelik ylalaşygyň berip biljek bähbitleriniň potensial töwekgelçiliklerden has üstün gelýändigini aýtdy.

“Ýaramaz ylalaşyk”

Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Orsýetiň we ABŞ-nyň resmi wekilleriniň 2-nji aprelde Şweýsariýada Eýran bilen baglaşan deslapky ylalaşygynda Tähranyň dawaly ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça şertnamasynyň “esasy parametrleri” kesgitlendi, şeýle-de ABŞ, ÝB we BMG tarapydan Eýrana garşy girizilen saksiýalaryň gowşadylmagy göz öňünde tutuldy.

Ylalaşygyň gutarnykly görnüşi 30-njy iýuna çenli baglaşylmaly.

Barak Obama Waşingtonyň “Ysraýyly goramagy pugta” dowam etdirýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, Netanýahu gyraňlaýyn ylalaşygy “ýaramaz ylalaşyk” diýip ýazgardy.

Ol 5-nji aprelde “CNN” neşirine beren maglumatynda ylalaşyk “Eýranyň ýadro programmasyny yza tesdirmeýär” we “uly ýadro infrastrukturasyny öz ýerinde galdyrýar” diýdi.

Reaksiýalar

Birleşen Ştatlaryň senatory Dianne Faýnştaýn 5-nji aprelde “CNN” neşirine beren maglumatynda Eýran bilen baglaşylan ylalaşygyň, Netanýahunyň öňe sürşi ýaly, Ysraýylyň aman galmagyna howp salmajakdygyny aýdyp, “men Netanýahunyň öz hyjuwyna bäs gelmegini arzuw edýärin” diýdi.

Senator Lindseý Graham “CBS” neşirine beren maglumatynda ylalaşygyň kemçilikleriniň bardygyny, emma onuň Obamanyň baglaşyp biljek iň gowy ylalaşygy bolmagynyň mümkindigini, sebäbi eýranlylaryň amerikan prezidentinden gorkmaýandygyny ýa-da ony sylamaýandygyny aýtdy.

Eýranyň harbylarynyň başlygy, gyraňlaýyn ylalaşygy baglaşmak boýunça Tähranyň dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdy bilen geçirilen gepleşiklerdäki üstünligine gowy baha berdi.

Eýranyň baş ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň ýakyn ýarany general Hassan Firuzabadiniň bu çykyşy 5-nji aprelde Eýranyň “Rewolýusion gwardiýa” korpusynyň websaýtynda çap edildi.

“ISNA” habar gullugynyň 5-nji aprelde çap eden maglumatyna görä, Eýranyň parlamentiniň konserwatiw sözçüsi Ali Larijani gürrüňi edilýän ylalaşygy “pozitiw” diýip häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG