Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Itime ýal almakçy, saňa näme alaýyn?


Karikatura.
Karikatura.

Sagat näçe?

Bir gezek ýazyjy Hojanepes Meläýew bilen edebiýat tankytçysy Durdymuhammet Nuralyýew saçak başynda uzak mütdet şagal mesligini (meýlis) edipdir. Ikisi iküç çüýşäni bir gyra ýykýar (içýärler). Durdymuhammet “Sagat näçe?” diýip, Hojanepesden soraýar. Hojanepes “On ikiniň ýary” diýýär. Bu jogap Durdymuhammediň göwnünden turmandyr. Ol:

-“Ýüz gram içdik” diýip, nämüçin diliňi-başyňy çeýneýäň? “On ikiň ýary” diýip, aýlawly geplemän “Sagat alty” diýeňde bolanokmy? -diýip, ondan öýkeläpdir.

Yzçy

SSSR döwri Ýazyjylaryň Moskwanyň etegindäki Peredelkino döredijilik öýünde dynç alýan şahyr Ýylgaý Durdyýew şol ýerä dynç almaga baran şahyr Anna Kowusow bilen sataşýar. Anna Kowus “Ýylgaý, Aşgabatda bir ýüz manat karz alypdyň. Haçan üzlüşjek?” diýýär. Girre gahary gelen Ýylgaý:

-Näme, şol algyňy yzarlap, Peredelkino geldiňmy?” -diýip, onuň ýüzüni alypdyr.

Muhmana sowal

Bir gezek aşgabatly şahyr Gurban Wehimi (Gurban Çaryýew) Nebitdagda ýaşaýan dosty, şahyr Pyhy Taganyň öýüne myhmançylyga barýar. Ony güler ýüz bilen garşy alan Pyhy Tagan:

-Töre geç-de, arkaýyn dem-dynjyňy al! Men dükana gitjek bolup durdum, ýolumdan galmaýyn, tiz dolanaryn. Itime ýal-kepek almakçydym. Wiý, ýogsa-da, saňa näme alaýyn? -diýip sorapdyr.

Ker gelinler

Bir gezek şahyr Mämmet Seýidow “Erkek kişiler beýnisi bilen, aýal-gyzlar gulagy bilen, gulagynyň eşideni boýunça pikirlenýär” diýdi. Biri ussady gepinde tutjak bolup “Gulagynyň agyrlygy, kerligi üçin gulagyna apparat dakynýan aýal-gyzlar-da bar. Olar nähili pikirlenýär?” diýip sorady. Ussat:

-Ýaşulular soweti (ähli kişä ýüzlenşi), olar şol apparadýň eşdişine görä, şondan gelýän sese görä pikirlenýär -diýip, säginmän jogap berdi.

Toplan Amanmyrat BUGAÝEW.

XS
SM
MD
LG