Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: Kollejlerde göwrelilik barlagy geçirilýär


Özbegistanyň Gijduwan şäherçesinde gyzlar mekdepden öýlerine gaýdyp barýar.
Özbegistanyň Gijduwan şäherçesinde gyzlar mekdepden öýlerine gaýdyp barýar.

Özbegistanyň Nowaýy welaýatynyň Nuratin raýonynda lukmanlar häzirki wagtda kollejlerde okaýan gyzlaryň arasynda göwrelileriň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin reýd geçirýärler.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu barlaglar döwründe iki okuwçy gyzyň göwrelidigi anyklanypdyr.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran özbek lukmanlarynyň biriniň sözlerine görä, bu reýdiň maksady ilkibaşdan gyzlaryň arasynda göwrelileri anyklamakdan ybarat.

“Şuňa meňzeş görkezme Saglyk ministrligi tarapyndan her ýyl ugradylýar. Biz kollejlerdäki gyzlaryň saglygyny, şol sanda olaryň göwrelidigini ýa-da göwreli däldigini barlaýarys. Häzirki barlaglaryň netijesinde UZI arkaly geçirilen derňewlerde iki gyzyň göwrelidigi anyklanyldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen söhbetdeş bolan lukman gürrüň berýär.

Gürrüňi gidýän göwreli gyzlar Nuratin raýonynyň Oba-hojalyk we senagat kollejinde okaýarlar.

Maglumatlar polisiýa geçirilýär

Nowaýy welaýat Saglyk bölüminiň wekiliniň berýän maglumatyna görä, agzalýan gyzlar baradaky maglumatlar polisiýa we prokuratura edaralaryna geçirilipdir.

“Biziň işimiz diňe olaryň ýagdaýyny anyklamakdan ybarat. Biz ähli maglumatlary degişli organlara berýäris. Olar şuňa meňzeş ýagdaýlarda nähili çäre görülmelidigini özleri bilýärler” diýip, Nowaýy welaýat Saglyk bölüminiň işgäri aýdýar.

Nowaýy welaýatyndaky kollejleriň biriniň müdiriniň sözlerine görä, şuňa meňzeş wakalarda günälileriň garşysyna “çynlakaý çäreler görülmeýär”.

“Geçen ýyl Karmanin raýonynda hem şuňa meňzeş waka boldy. Bir okuwçy gyzyň çagasy boldy. Gyz bilen gatnaşykda bolan oglan tapyldy we ol şol gyza öýlenmeli edildi. Şeýle ýagdaýlarda ilki bilen çagalaryň kakasynyň kimdigi anyklanylýar” diýip, kollejiň müdiri belleýär.

Özbek kanunçylygy

Özbek kanunçylygyna laýyklykda 18 ýaşyna ýetmedik gyzlar ýetginjek ýaşyna ýetmedikler diýlip hasaplanylýar. Şeýle ýagdaýda olar bilen jynsy gatnaşyk etmek jenaýat hasaplanylýar.

Şu ýyl Özbegistanyň Fergana welaýatynyň Bäşaryk raýonynda 9-njy klasda okaýan oglan birinji klasda okaýan gyzy zorlandygy üçin dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Horezm welaýatynda 12 ýaşly gyz öz erkek doganyndan göwreli bolup, çaga dogurdy. Geçen ýylyň ýanwar aýynda bolsa gürrüňi edilýän welaýatda şuňa meňzeş ýene bir waka bolup geçdi. Hukuk goraýjy organlaryň berýän maglumatyna görä, 25 ýaşly bir ýaş ýigit öz 13 ýaşly gyz jigisini göwreli edenlikde günäli tapylyp, 13,5 ýyl türmä basyldy.

XS
SM
MD
LG