Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenileriň gyrylmagynyň 100 ýyllygy bellendi


Ýerewan, 24-nji aprel, 2015
Ýerewan, 24-nji aprel, 2015

24-nji aprelde Ermenistanda we dünýäniň ençeme ýurtlarynda 100 ýyl mundan ozal Osman imperiýasynda ermenileriň gyrylmagynyň senesine gabatlap, matam çäreleri geçirildi.

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda geçirilen esasy dabarada prezident Serž Sarkisýan we käbir dünýä liderleri Ermenistan tarapyndan genosid diýlip atlandyrylýan wakalaryň pidalarynyň ýadygärligine gül goýdular.

Bir asyr wagt mundan ozal bolan wakalara Türkiýäniň garaýşy we çekeleşikler goňşy ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary zäherleýär we olaryň beýleki dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklaryna täsir ýetirýär.

Matam çäresi

Tutuş dünýä ýaýran ermeni diasporasynyň ýaşaýan ýurtlarynyň baýdaklaryny tutup duran çagalar prezident Sarkisýanyň ýadygärlige gül goýmagynyň yz ýany aýdym aýtdylar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollande, Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç we Kipriň prezidenti Nikos Anastasiades Ermenistandaky matam çäresine gatnaşan ýokary wezipeli myhmanlaryň arasynda boldular. Liderleriň her biri sary reňkli bir bägüli ýadygärligiň merkezinde gül şekilinde gurlan baky oduň öňünde goýdular.

“Men adam gymmatlyklaryna, hiç zadyň umydylmajagyna we 100 ýyldan soň biziň ýas tutmagymyza öz goldawyny ýene bir gezek tassyklamak üçin bu ýere gelenleriň ählisine muinnetdarlyk bildirýärin” diýip, Sarkisýan aýtdy.

Hollande “ermeni dostlaryma halkyňyzyň başdan geçiren betbagytçylygyňyzy hiç wagt ýatdan çykarmajagymyzy” aýtmak üçin geldim diýdi. Holland “Pidalary ýatlap, başymy egýärin” diýdi.

Ermenistan bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan we bu kiçi postsowet ýurduna uly täsiri bolan Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin “adamlaryň köpçülikleýin gyrylmagyny hiç zadyň aklap bilmejegini” belledi we orsýetlileriň hem “ermeni halky bilen bilelikde” matam tutýandygyny aýtdy. Putin özüniň bu çykyşyndan milletçilige we “rusofobia” garşy duýduryş etmek üçin peýdalanyp, Ukrainanyň günbatarçy hökümetine yşarat etdi.

ABŞ-nyň Maliýe sekretary Jakob Lew amerikan delegasiýasyna baştutanlyk etdi.

Stambulda Türkiýänyň Ýewropa Bileleşigine degişli meseleler boýunça ministri Wolkan Bozkiriň gatnaşmagynda Ermeni patriarhatynda matam çäresiniň geçirilmegine garaşylýar.

Ermenileriň uly diasporasynyň matam çäreleri dünýäniň dürli şäherlerinde şol sanda Los-Anjelesde we Parižde geçirildi.

Türkiýe “genosidi” inkär edýär

Matam çäreleri Türkiýäniň we halkara jemgyýetçiliginiň arasynda bir hepdeden gowrak wagtlap dowam eden çekeleşikleriň yz ýany geçirildi.

I-nji Jahan urşunyň dowamynda 1.5 million ermeniniň osman türkleri tarapyndan gyrylmagy we deportasiýa edilmegi dünýäniň 20-den gowrak ýurdy, şol sanda Orsýet we Fransiýa tarapyndan genosid hökmünde ykrar edildi.

Türkiýe has az sanly ermeniniň gyrlandygyny we olaryň Osman imperiýasynyň hristianlary gyrmak boýunça planlaşdyran çäresiniň pidalary bolman, graždanlyk urşunyň pidalary bolandygyny aýdýar.

Ermenleriň Apostolik buthanasy 23-nji aprelde geçiren dini ybadatynda pidalary ebedileşdirdi. Ermeni buthanasy 400 ýylyň dowamynda ilkinji gezek ebedileşdirmek boýunça çäre geçirdi.

23-nji aprel agşamy Germaniýanyň prezidenti Joahim Gauk gyrgynçylygy genosid hökmünde häsiýetlendirdi.

Germaniýa “günäni paýlaşmaly”

Gauk Berlinde eden çykyşynda: “Ermenileriň ykbaly köpçülikleýin gyrgynçylyklaryň, etniki arassalaýyşlaryň, deportasiýalaryň we hawa, genosidiň taryhynda mysal bolup durýar. Bu 20-nji asyryň şeýle aýylganç tarapyny görkezýär diýdi.

Gauk Germaniýanyň “ermenileriň genosidi üçin günäniň bir bölegini” öz üstüne almalydygyny, sebäbi I-nji jahan urşunda Türkiýäniň ýarany hökmünde Germaniýanyň harby geňeşçileriniň bu meseleden habarly bolup, bu işe baş goşandyklaryny aýtdy.

Onuň bu kommentarileri Germaniýnyň parlamenti Bundestagyň 1915-nji ýylyň gyrgynçylygy meselesi boýunça 24-nji aprelde maslahat geçirmäge taýýarlyk görýän wagtyna gabat geldi.

22-nji aprelde Türkiýe Awstriýadaky öz ilçisini yzyna çagyrdy. Bu ýurduň parlamentindäki partiýalary ermenileriň gyrylmagyny genosid hökmünde häsiýetlendirýän bilelikdäki deklarasiýany kabul etdiler.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 23-nji aprelde eden çykyşynda 100 ýyl mundan ozal Osman imperiýasynda etnik ermenileriň gyrylmagyny “aýylganç gyrgyn” diýip atlandyrdy, emma genosid sözüni ulanmakdan saklandy.

Türkiýe 100 ýyllyk senesini belleýär

23-nji aprelde eden çykyşynda Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan “Ermenileriň 1915-nji ýylyň wakalary, aýratynam sanlar boýunça öňe sürýän maglumatlarynyň ählisi esassyz we köksüz” diýdi.

Türkiýe, 24-nji aprelde ýaran goşunlarynyň we Osman imperiýasynyň arasynda taryhy Gallipoli söweşleriniň başlanmagynyň 100 ýyllygyny bellemek boýunça geçiren dabarasynyň çäklerinde, dünýä liderlerini kabul etdi. Oňa Britaniýanyň şazadasy Çarlz we Awstraliýanyň hem-de Täze Zellandiýanyň premýer-minsitrleri gatnaşdylar.

Ermenistanyň prezidenti Ankarany Ýerewanyň matam çäresinden “dünýäniň ünsüni sowmaga” bilkastlaýyn synanyşyk etmekde aýyplady.

XS
SM
MD
LG