Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan 100 ýyl öň gyrlan ermenileri ýatlaýar


Osman imperiýasy tarapyndan mundan 100 ýyl öň gyrlan ermenileriň hatyrasyna Ermenistanda we dünýäniň beýleki künjeklerinde ýatlama çäreleri geçirilýär.

Prezident Serž Sarkisýan we ençeme dünýä lideri ermeni paýtagty Ýerewanda baýryň depesinde ýerleşýän ýadygärligiň merkezindäki baky oduň öňünde gülleri goýdular. Bu ýadygärlik ermenileriň genosid diýip atlandyrýan wakada pida bolanlaryň hatyrasyna gurlandyr.

Türkiýe muny ret edýär.

Ýerewanda geçirilen bu dabara gatnaşanlaryň arasynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland, Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç we Kipriň prezidenti Nikos Anastasiades dagylar bar.

XS
SM
MD
LG