Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Seniň balaň meniň balam dälmidir"


Türkmen öz ilinde örňän, saý-sebäp bilen oňa dahylly bolan milleti gaýryny saýry saýmaýar. Olar hakda söhbet açsa “Özümiziňki” diýýär. SSSR döwri Türkmenistanda 106 milletiň wekili ýaşaýardy. Uruş ýyllary (1941-1945) Türkmenistandan gulluga çagyrlyp, batyrlyk görkezenleriň 64-sine Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen at dakyldy.

Olaryň 49-sy beýleki milletleriň (rus, tatar, özbek, gazak, azerbaýjan, belarus, çeçen…) wekilleridi. Garaşsyzlyk ýyllary Gahrymanlaryň ady setanda-seýranda agzalýar. Ýeňişiň 70 ýyllygy bellenýän günlerde çagalygy kyn şertlerde geçen iki ildeşimiz, iki GAHRYMAN, iki ÖZÜMIZIŇKI hakynda söhbet etmegi makul bildik.

Pýotr Wolkowç
Pýotr Wolkowç

Pýotr Pawlowiç WOLKOW 1924-nji ýylda Krasnowodskide (häzirki Türkmenbaşy) dogulýar, milleti rus. Ol şäheriň 1-nji çağalar (ýetimler) öýünde terbiýelenýär. 1940-njy ýylda, 16 ýaşynda harby komissarlyga arza ýazyp, goşun gullugyna meýletin gidýär. Uruş turýar, tank-artillerýa garşy söweşýän 84-nji aýratyn diwizionyň düzüminde söweşlere gatnaşýar. 1953-nji ýylyň Orlow-Kursk ugrundaky gazaply söweşde P.Wolkowyň gulluk edýän top raçýoty aýratyn batyrlyk görkezýär.

Rasçýot bir günüň dowamynda duşmanyň 4 tankyny, 200 esgerini ýok edýär. Şol söweşde 19 ýaşynda wepat bolan ildeşimize Sowet Soýuzynyň Gahrymany (07.08.1943) diýen at dakylýar. Krasnowodskiniň 10-njy orta mekdebine onuň ady dakylyp, SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Sowet Soýuzynyň Gahrymany diyen ady dakmak hakyndaky Permanynyň asyl nusgasy-GRAMOTA ömürlik saklamak üçin mekdebe gowşurylýar.

Mekdep 2009-njy ýylda ýapylyp, 2011-njı ýylda täzeden açylanda Wolkowyň ady aýryldy. “Fizikadan ýöriteleşdirlen 10-njy orta mekdep” diýip at goýuldy. Ýokary Sowetiň Prezidiumynyň GRAMOTASYNYŇ ykbaly bilen gyzyklandym. Ol nirede? Bilýän-de, biljek bolýan-da ýok.

Aleksandr Ýewseýewç
Aleksandr Ýewseýewç

Aleksandr Aleksandrowiç ÝEWSEÝEW 1928-njı ýylda Saratow oblastynda dogulýar, milleti rus. 1933-njı ýyldan başlap Mary welaýatynyň Guşgy şäherinde çagalar (ýetimler) öýünde terbiýelenýär. 1941-njı ýylda uruş başlananda iň ýokary harby edaralara arza ýazyp, 14 ýaşynda urşa meýletin gidýär. Stalingrad, Merkez, 3-nji Belopus frontlarynyň… düzüminde söweşlere gatnaşýar. “Batyrlygy üçin” diyen medal bilen sylaglanýar. 1945-njı ýylyň 13-njı aprelınde Nautswinkeldäki söweşde starşiý seržant A.Ýewseýewe komandirlik edýän 17 esgeri bilen Gözegçilik nokadyny goramak barada söweşjeň tabşyryk berilýär.

3 topunyň goldamagynda hüjüme geçen 200 duşman esgeri bilen gazaply söweş bolýar. Ýoldaşlary wepat bolup, agyr ýaraly Ýewseýewiň ýeke özi söweş meýdanynda galýar. Ol öz üstüne hüjüme geçen faşistleriň 37-sini ýok edip, düşen ýaralar sebäpli huşundan gidýär. Duşmanlar huşsuz ýatan esgeri awtomatyň, tüpeňiň gundagy bilen urup, 11 ýerinden pyçaklap, gynap öldürýärler. Ildeşimize 17 ýaşynda Sowet Soýuzynyň Gahrymany (29.06.1945) diýen at dakylýar.

Şahyrana halk döredijiliginiň dür hazynasy “Görogly” eposynda Agaýunus peri Görogla ýüzlenip:

Seriňe döneýin, Çandybil hany,

Seniň balaň menin balam dälmidi?—

diýýär. Iki gerçek, iki ýetim oglan külli türkmeniň balasy. Türkmen topragynyň üstünde şu gün ýaşaýanlar: sen, men olary ýatlamasa, kim ýatlasyn?

Amanmyrat BUGAÝEW, ýazyjy.

XS
SM
MD
LG