Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD-niň goşunyndaky taýakly düzgün: ýagdaýa içeriden syn


"Yslam döwleti" atly toparyň söweşijileri Mosulda buzgaýmak iýýärler.
"Yslam döwleti" atly toparyň söweşijileri Mosulda buzgaýmak iýýärler.

YD-niň goşunyndaky taýakly düzgün: ýagdaýa içeriden syn

"Yslam döwleti" atly ekstremistik toparyň golaýda täze saýlanan meýletinler üçin çap edilen gollanmasynda YD-niň hataryna söweşiji bolup goşulanlaryndan soň eýermeli kadalary aýan edilipdir. Olar öýlerinden gaçyp, Türkiýäniň serhedinden Siriýa geçip, Pakka diýen şäherdäki "Yslam döwletiniň" de-fakto ýagdaýyndaky paýtagtyna barypdyrlar. Kesgitlenen ýere ýetip, YD-e täze goşulýanlar nähili ýagdaýlary başdan geçirýärler?

Golaýda Siriýada YD-niň gözegçiligindäki sebite barlandan soň täze gelenlere nähili ýagdaýlaryň garaşýandygy barada iňlis hem ors dillerinde iki görnüşde gollanma hökmünde maglumat çap edilipdir.

"Oglanlar saga, gyzlar çepe"

YD-niň özlerine täze goşulanlar üçin ors dilinde "Wkontakte" atly sosial ulgamda çap edilen, Dagystanly söweşiji Muhammad Abu Barud al-Dagestani tarapyndan taýýarlanan gollanmasynda, erkek adamlaryň Siriýa gelen badyna derrew zenanlardan aýryljakdygy barada duýduryş berilýär.

Abu Barudyň ýazmagyna görä, "Oglanlar saga, gyzlar çepe" diýen kada eýerilýär, ýagny bu şerigat boýunça şeýle, başga hiç hili sebäbi ýok.

Täze goşulanlar soň türgenleşik düşelgelerine iberilýär. Ol ýerde olardan öz mobil telefonlaryny, tablet kompýuterlerini we beýleki elektronik enjamlaryny tabşyrmaklary talap edilýär. Abu Barudyň bellemegine görä, mobil telefondan jyda düşmeklik käbir täze goşulanlara gaty agyr degip, olaryň ruhy ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biler. Şonuň üçinem olara diňe arkaýynlaşmak, ynjalyksyzlanmazlyk we akyma girmeklik maslahat berilýär.

Abu Barud "Telefonsyz bir-iki aý dynç almak hemmeler üçin gowy ýagdaý. Haçan-da siz bu "21-nji asyryň mergi keselinden" azat bolan mahalyňyz, Gurhan okamaga has köp wagtyňyz bolýar" diýipýazýar.

Jedelleşigi goýbolsun ediň

Abu Barud, täze goşulanlaryň özleri ýaly dürli ýurtlardan gelen beýleki täze gelenler bilen bilelikde ýaşamagynyň dürli düşünişmezliklere we jedellere sebäp bolup biljekdigi barada duýduryş berip, şeýle ýazýar: "Meniň bilen bile fransuz, wetnamly, senegally, gollandiýaly, türkiýeli, sudanly we hatda Karib adalarynyň birinden bir doganym bile ýaşamaly boldy. GDA-dan we Kawkazdan gelen orsça gepleşýän diaspora barada aýdybam oturamok. Biziň birek-birek bilen oňuşmagymyz hökmany".

Aýalyň Türkiýede galsyn

Abu Barud aýallaryny ýany bilen Siriýa alyp gelýän erkek adamlara "bärde aýallaryň gysga wagtyň içinde gaty gaharjaň adama öwrülýändigi" barada hem duýduryş beripdir. Haçan-da olaryň adamsy taýýarlyk türgenleşiklerine gatnaşýan mahaly zenanlaryň bolýan umumy ýaşaýyş jaýlarynda dürli "jedelleşikler, aglamak, gep-gybat" ýaly oňaýsyz ýagdaýlar möwjeýär.

Söweşiji erkek adamlara taýýarlyk türgenleşik tapgyryny doly tamamlaýança we urşa gatnaşmaga başlaýança aýallarynyň Türkiýede galdyrmak maslahat berilýär. Şol pursat gelende bolsa, erkek adamlara gönümel Türkiýäniň serhedine baryp, öz aýallaryny ol ýerden alyp gelmek tabşyrylýar. Abu Barud, her näme bolaýanda-da erkek adamlaryň öz aýal maşgalalaryny "dinsizleriň ýurdunda" goýmaly däldigini duýdurýar.

Janyndan geçýänleriň nobaty

Täze goşuýanlar üçin "Yslam döwleti (2015)" atly iňlis dilinde ýazylan gollanmada bolsa olaryň Siriýa gelen mahaly ýüzbe-ýüz boljak ýagdaýlary barasynda Abu Barudyň beren maglumatyndan has jikme-jik, giň göwrümli we köptaraply maglumatlar berlipdir.

Gollanmada täze goşulanlaryň derrew söweş tälimlerini öwrenmek üçin türgenleşiklere iberilýändigi düşündirilýär. YD-niň türgenleşik düşelgelerinde adam öldürmegiň ugurlary, himiki ýaragy ulanmak, elektronik enjamlardan baş çykarmak, soraga çekilen mahalyň gynamalara we zorluklara nähili çydamak we galp dokumentler ýasamak ýaly harby tilsimleriň görkezilýändigi aýdylypdyr. Ýöne şeýle düşelgeleriň ýönekeý adamlara däl-de, eýse saýlama söweşijilere degişlidigi bellenipdir.

Gollanmada düşündirilşine görä, täze gelenlere her gün 17 sagat agyr türgenleşik taýýarlygy garaşýar. Täze gelenler daň bilen, sagat bäşden öň turanlaryndan soň ýarym sagatlyk ybadat bilen meşgulanandan soň, bir sagada golaý Gurhan öwrenmeli. Sagat 6:30-da täze gelenler "ýörüteleşdirilen ylgaw, ýöreýiş we maşk" türgenleşigine gidýärler. Ybadat, harby serişdeleri ulanmak sagapy we dini propagandalar bilen täze gelenleriň güni tamamlanýar. Täze gelenler gije sagat onda ýatmaga goýberilýärler.

Türgenleşikleri gutaran täze gelenler üçin ýörüte dabara gurnalýar we ondan soň olar göni urşa iberilýär. Ýöne terrorçy-janyndan geçen bolmak isleýänler üçin aýratyn çydamly hem sabyrly bolmak talap edilýär. Gollanmada "olaryň janyndan geçenleriň sanawyna nobata ýazylýandygy" aýan edilipdir.

Şehit guşagy we buzgaýmak

YD-niň söweşijileri hemişe uruşda bolmaly diýen kada ýok. Gollanmada düşündirilşine görä, olara adaty durmuş şertlerinde dynç almaga mümkinçilik berilýär. Täze gelenler esasy türgenleşigi tamamlap, synagy geçensoňlar, pul serişdesini hem alýarlar. Gollanmada berlen şol pul serişdesini arkaýyn sowup biljekdikleri aýdylypdyr. Gollanmada aýdylyşyna görä, söweşijiler ol pullar bilen "özüne has köp ýarag we dürli harby serişdeleri, partlaýjylardan ýasalan "janyndan geçen şehidiň kemerini" hem alyp bilýärler. Şonuň ýaly-da uruşdan gaýdyp şähere gelende ýa-da boş wagtlarynda söwda merkezlerinde buzgaýmak hem iýip bilýärler.

"Hakyky erkekleriň dünýäsi"

Gollanmada Siriýada YD-niň elindäki sebitlerdäki ýaşaýyş ýarag janköýerleri üçin edil jennet ýaly taryp edilipdir we "her bir öýde awtomatik ýaragyň bardygy" nygtalypdyr. "Akmak amerikalylar bolsa, göýä diňe özlerinde azatlyk bar ýaly, gülkünç zat aýdýarlar!" diýlipdir.

Gollanmada YD halyfalygynda "köçedäki satygçylardan gyzyl teňňelere granat hem satyn alyp bolýandygy" we "hakyky erkekleriň şeýle ýaşamalydygy" öwgüli sözler bilen ullakan artykmaçlyk hökmünde beýan edilipdir. Gollanmada aýdylyşyna görä, täze gelenlere AK-47 kysymly awtomatik tüpeň we bäş guty ok berilýär. Puly bolanlar bolsa özüne hususy ýaraglar we harby serişdeler hem edinip bilýärler.

Iýmit üçin petek

Gollanmada, janköýer söweşijileriň YD-niň hataryna goşulmagyna ýarag höweslendirmeleri ýeterlik gelmedik halatynda, olaryň mugt iýmit bilen ünsüni çekmek islenipdir. Gollanmada aýdylyşyna görä "Söweşijiler Al-Rakkada restoranlarda günde üç wagtyna mugt nahar iýip bilerler".

Gollanmada berilýän maglumata görä, "Kapitalistik günbatar ýurtlardan" tapawutlylykda YD-de ýaşaýanlar üçin elektrik togy we suw mugt. (Tebigy gaz bolsa dükanlardan ballonlar bilen satyn alynmaly). Şeýle-de olar üçin saglyk hyzmatlary we derman hem mugt.

Gollanmada, YD-niň hökümet hem jemgyýetçilik üpjünçiligini nähili ýagdaýda amala aşyrýandygy düşündirilmändir.

Kynçylykly söýgi

YD elhenç jezalandyrmalaryň sinonimine öwrülenem bolsa, gollanmada bu tema barasynda hiç hili düşündiriş berilmändir.

Gollanmada diňe "Hawa, (YD-de), elbetde, adam öldürmek, zyna, ogurlyk, jenaýat we dünýä ýaýraýan korrupsiýa üçin iň elhenç jezalar bardyr" diýen görnüşde düşündiriş berlipdir. Alkagolly içgi içenlere 80 taýak jeza berilýär, ogurlyk üçin el kesilmeli we zyna eden bolsa, tä öldüm diýýänçä daşlanmaly. Gollanmada düşündirilişine görä, "bular adamlaryň howpsuz maşgala durmuşynda ýaşamagyny üpjün edýär".

XS
SM
MD
LG