Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI Aşgabatdaky ýagdaýdan alada galýar


AI Aşgabatdaky ýagdaýdan alada galýandygyny aýtdy.
AI Aşgabatdaky ýagdaýdan alada galýandygyny aýtdy.

Türkmenistanda, hususan-da paýtagt Aşgabatda ilatyň hususy eýeçiligindäki satalit antennalaryny aýyrtmak işleri dowam etdirilýär. Bu ýagdaýyň ilatyň garaşsyz maglumat almak mümkinçiliklerini kynlaşdyrýandygy aýdylýar. «Amnesty International» guramasynyň Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bilermeni Zulfiýa Abdullaýewa özleriniň Türkmenistandaky ýagdaýa syn etmegi dowam etdirjegini aýdýar. Azatlyk radiosy bu mesele barada «Amnesty International» guramasynyň günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bilermeni zulfiýa Abdullaýewe bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Soňky döwürlerde Türkmenistanda ilatyň hususy eýeçiligindäki satalit antennalarynyň köpçülikleýin gopardylýandygy, raýatlaryň alternatiw habarlary almagynyň barha kynlaşýandygy eşidilýär. Bu ýagdaý barada sizde nähili maglumat bar?

Zulfiýa Abdullaýewa: Hawa, bu kynçylyklar baradaky habarlar bize-de mälim. Başda bellemeli zat, Türkmenistanda garaşsyz maglumat almak hemişe-de kyn boldy. Ýurduň içindäki aktiwistler we žurnalistler içerde bolýan zatlar barada habar bermezlikleri üçin häkimiýetleriň bir topar basyşyna sezewar bolýarlar. Daşary ýurtlardaky neşirler bolsa, Türkmenistanyň içindäki ilata habar ýetirmekde kynçylyk çekýärler, sebäbi häkimiýetler daşary ýurt metbugatyna elýeterliligi çäklendirýärler we berk gözegçilikde saklaýarlar. Mysal üçin, raýatlar daşary ýurt neşirlerine abuna ýazylyp bilmeýärler. Regionyň beýleki ýurtlarynyň adamlary internet arkaly garaşsyz habarlary alyp bilýärler, emma bu Türkmenistanda gaty kyn.

Geçen ýyl, resmi maglumata görä, ol ýerde 4 ýa 5 million ilatly tutuş ýurtda 12 müň sany internet abunaçysy bardy. Bu gaty az bolýar. Munuň üstesine, internet gözegçilikde we çäklendirilen, internet kafelerinde hem maglumat elýeterliligi kyn. Emma indi häkimiýetler adamlaryň hususy eýeçiligindäki satalit çanaklaryny aýyrmak bilen, ýene bir gezek ilatyň garaşsyz habar çeşmesini baglamaga synanýarlar, özem bu gezek muňa has erjel ýapyşdylar. Olar antennalary güýç bilen, mejbur edip aýyrýarlar, kähalatda adamlar olaryň aýrylýandygyny hem bilmän galýar. Onsoň biz bu ýagdaýdan örän alada edýäris.

Azatlyk radiosy: Beýle ýagdaýda siz türkmenistanlylaryň informasiýa almak kynçylyklaryny ýeňletmek üçin näme etmegi planlaşdyrýarsyňyz, olara näme kömek edip bilersiňiz?

Zulfiýa Abdullaýewa: Amnesty International ýaly guramanyň bu hili ýagdaýda näme edip biljegi örän kyn sowal. Sebäbi biz ol ýere baryp bilemzok, beýleki adam hukuklary gözegçileri ýaly, bize-de ýurduň içine girmäge rugsat berilmeýär. Biziň bu ýerde edip biljek zadymyz ýagdaýa gözegçiligi dowam etdirmekden we ýurtda bolýan zatlary hem adam hukuklary problemalaryny jemgyýetçilige ýetirmekden ybarat. Netijede, biz bu ýurda elýeterliligi bolan, ýagdaýa täsir ýetirip biljek paýdarlaryň we guramalaryň ünsüni bar bolan problemalara çekeris, Türkmenistandaky ýagdaýlar barada ýazmagy dowam etdireris. Şeýlelikde, dogruçyl we garaşsyz ýagdaýda taýýarlanan maglumatlar Türkmenistanyň içindäki adamlara we ýurt daşyndaky türkmenler baryp ýeter hem-de olara ýurduň has gowy gelejegini gurmaga kömek eder diýip umyt edýäris.

Azatlyk radiosy: Ýogsa-da, siz şu golaýda Türkmenistana barmaga synanyşyk etdiňizmi?

Zulfiýa Abdullaýewa: Biz Türkmenistana baryp görmek üçin köp ýyl synanyşydyk, emma gynansak-da, bu golaýda beýle synanyşyk etmedik.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:13 0:00

XS
SM
MD
LG