Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda "gomoseksual" we "şeýtany" saç stillerine hüjüm edilýär


2010-njy ýylda Eýranda erkek adamlaryň "atyň guýrugyna" meňzeýän görnüşde uzyn çokul goýbermegi, saç ösdürmegi, saçyna gel çalmagy gadagandyr.
2010-njy ýylda Eýranda erkek adamlaryň "atyň guýrugyna" meňzeýän görnüşde uzyn çokul goýbermegi, saç ösdürmegi, saçyna gel çalmagy gadagandyr.

Prezident Ruhani bu işlere garşy hem bolsa, polis güýçleri ondan has ýokardaky başlyga degişli bolansoň, özbaşdak hereket edýärler.

Britaniýada çap edilýän "The Guardian" gazetiniň ýazmagyna görä, tomsuň golaýlamagy bilen Eýranyň režimi "anti-yslam" saç bejerimlerine, "bedene salynýan özgertmelere" we tatuirowkalara garşy edýän hüjümlerini güýçlendirýär.

Eýranda ”gomoseksual" we "şeýtany" saç bejerimini götermek, teni emeli gün bilen ýakmak, tatuirowkalar we erkek adamlaryň gaşlaryny aldyrmagy gadagandyr.

Gazetiň ýazmagyna görä, iň aýylganç hüjümler bolsa edil oklukirpi ýaly pežžerdilip, syh-syh edilýän saç bejerimine garşy gurnalýar.

Mundan başga-da zenanlar bilen erkek adamlaryň sport-türgenleşik eginbaşlaryny geýmegi "Günbataryň zyýanly täsirleri" hasaplanýar.

Galpak bolýar, zülpi-tar bolanok

2010-njy ýylda Eýranda erkek adamlaryň "atyň guýrugyna" meňzeýän görnüşde uzyn çokul goýbermegi, saç ösdürmegi, saçyna gel çalmagy gadagandyr. Emma 1980-nji ýyllaryň stilinde saç hem galpak goýulmagyna rugsat berilýär.

Eýranyň häzirki prezidenti Hasan Ruhani şeýle gadaganlara garşy we bu babatdaky öz pikrini şeýle beýan edýär "Polis yslam kadalary bilen däl, eýsem howpsuzlyk bilen meşgullanmalydyr".

Eýranyň dellekhanalar birleşiginiň ýolbaşçysy Mostafa Gowahi bolsa dellekhanalarda müşderilere oklukirpi ýaly saç ýasap bermegiň gadagan edilendigini we bu kadany bozanlaryň iş ýeriniň petiklenjekdigini aýdypdyr.

Onuň nygtamagyna görä "şeýtana çokunýanlaryň saç stillerini ýada salýan saç bejerimleri" gadagandyr. Onuň bellemegine görä, şeýle gadaganlyklary bozan dellekleriň iş rugsatnamalary hem ýatyrylar.

"Gomoseksual saç" nähili bolýarka?

Gowahiniň Eýranyň daşary ýurtdaky "Manato" atly oppozisiýa telekanalyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, ýurtdaky ähli delleklere rugsat berilýän saç bejerimlerini görkezýän kataloglar paýlanypdyr.

Gowahi "gomoseksual saç bejeriminiň" nähili bolýandygyny welin, düşündirip bilmändir. Munuň bilen bilelikde Eýranyň dellekleriniň baştutany hem öz wezipesinde oturan mahaly şeýle "zyýanly stillere" rugsat bermejekdigini aýdypdyr. Onuň bellemegine görä, çäklendirmeler Eýranyň uly öňbaşçysy Ali Hameneýiň görkezmesi esasynda girizilipdir.

"Uýat ýerler"

Ýöne konserwatorlar diňe bir erkek adamlar bilen çäklenmeýärler. Golaýda konserwatorlaryň bir topary, salonlarda zenanlaryň bedenindäki tüýleriň arassalanmagynyň gadagan edilmegi barada hökümete haýyş bilen ýüz tutupdyr.

Olar öz haýyşynda ylaýta-da bedeniň "uýat ýerleriniň" tüýleriniň arassalanmagyndan juda biynjalyk bolýandyklaryny bildiripdirler.

"The Guardian" gazetiniň ýazmagyna görä, gadagançylyklar diňe janly adamlara däl, eýsem dükanlaryň witrinalaryndaky manikenlere, ýagny ýasama adamlara çenli hem baryp ýetipdir. Şolaryň hem döşleri we aýaklary örtgüsiz, açyk bolmaly däl.

Allanyň buýrugymy ýa-da kanunmy?

Eýranda yslamyň kadalaryna eýerilip-eýerilmeýändigine polisden başga, jemgyýetçilik we hakynatutma polis roluny oýnaýan "besijler" hem seredýärler.

Prezident Ruhani görülýän şeýle çärelere garşy hem bolsa, polis güýçleri ondan has ýokardaky başlyga degişli bolansoň, özbaşdak hereket edýärler.

Geçen hepde Eýran resmileriniň bir topary bilen geçiren gürrüňdeşliginde prezident Ruhani şeýle diýipdir: "Allanyň buýrugyny we pygamberiň ündewlerini ýerine ýetirmeklik polisiň wezipesi däldir. Polisiň näme wezipesi bar? Kanunlary berjaý etmek".

Onuň bu aýdanlaryna konserwatiw aýatullalar derrew reaksiýa bildirdiler. Aýatulla Nasser Makarem Şirazi şeýle diýýär: "Aýdylyşy ýaly, polis şerigat kadalaryna gözegçilik etmäge borçludyr".

XS
SM
MD
LG