Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Trans-Hazar ýurt ara ynamy gowşadar'


Orsýetiň Daşary işler ministri S.Lawrow (ç) we ministrligiň resmi wekili A.Lukaşewiç (s)
Orsýetiň Daşary işler ministri S.Lawrow (ç) we ministrligiň resmi wekili A.Lukaşewiç (s)

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Aleksandr Lukaşewiç “Trans-Hazar” gaz geçirijisiniň gurluşygyna degişli birtaraplaýyn hereketler hazarýaka regionyň ýurtlarynyň arasyndaky ynama zeper ýetmegine getirer diýdi.

Lukaşewiç Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň pozisiýasyny beýan edip, 9-njy iýunda Moskwada žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda “proýektiň regiondan daşarkylaryň arasyndaky lobbistleriniň ýurtlaryň arasyndaky ynamyň gowşamagyny gazanmak isleýän bolmagyny unutmaly däl, sebäbi olar özlerini hazarlylara ‘strategik partnýor’ hökmünde hödürläp, ‘syýasy girdejileri’ wada berýän bolmaly” diýip, bu meselede Orsýetiň pozisiýasyny mälim etdi.

Şeýle-de Lukaşewiç gazgeçirijiniň gurluşygyna degişli meseläniň ekologiki tarapynyň ähmiýetini nygtady we onuň töwerek-daşa täsir ýetirmeýändigi barada çap bolýan maglumatlarda “subýektiw pikiriň agdyklyk edýändigini” belläp, “ekologiýanyň üstünden syýasat elhenç basyş edýär” diýdi.

ÝB-niň goldawy

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmisiniň bu çykyşy türkmen gazyny Hazar deňziniň astyndan Ýewropa akdyrmak barada Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda geçirilen gepleşikleriň eginiň yzysüre edildi.

Ýewropa Bileleşiginiň energiýa boýunça wise-prezidenti Maros Sefçowiç maý aýynyň aýagynda Aşgabada eden saparyndan soň “Biz özara gowy düşünişýäris. Türkmenistan üçin öz eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa etmek möhüm, ÝB üçin bolsa öz importlaryny diwersifikasiýa etmek örän wajyp” diýip belledi.

Şeýle-de Şefçowiç özüniň agzalýan saparyndan soň Ýewropa Bileleşiginiň türkmen gazyny Hazar deňziniň astyndan Ýewropa akdyrmak işine doly goldaw berjekdigini aýtdy.

Onuň ýene bir çykyşynda aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň 2019-njy ýyldan başlap Türkmenistandan tebigy gaz alyp başlamagyna garaşylýar.

Özara ylalaşyk

Maý aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we ÝB-niň arasynda energetika ugrundan hyzmatdaşlyk boýunça deklarasiýa gol çekildi we türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça deslapky ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamagyň üstünde bilelikdäki işi aktiwleşdirmegiň zerurlygy nygtaldy.

Baku we Aşgabat “Trans-Hazar” proýektiniň durmuşa geçirilmegi üçin diňe gazgeçirijiniň öz territoriýasyndan geçjek döwletleriň özara ylalaşygynyň ýeterlikdigini nygtaýarlar.

Orsýetdir Eýran bu pikir bilen ylalaşmaýarlar we gazgeçiriji proýektiň diňe hazarýaka döwletleriniň ählisiniň razylygy bilen amala aşyrylmalydygyny tekrarlaýarlar.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Aleksandr Lukaşewiç 9-njy iýunda eden çykyşynda bäş sany hazarýaka döwletiň liderleriniň 2014-nji ýylda Astrahanda geçirilen sammitinde eden beýannamasyny ýatlatdy we “Hazaryň iň möhüm meseleleri boýunça diňe kenarýaka döwletler kararlary kabul etmäge hakly” diýip belledi.

Hazaryň kanuny statusyny kesgitlemek boýunça deňizýaka döwletleriň arasynda özara ylalaşyga gelinmedigem bolsa, regionyň döwletleriniň birnäçesi deňziň tebigy serişdelerini özleşdirmek boýunça ozara serhetlerini kesgitleýji ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşdylar. Şeýle ylalaşyklar ozalky ýyllarda Orsýetiň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň arasynda ikitaraplaýyn esasda baglaşylypdy.

Iýun aýynyň başynda Türkmenistan we Gazagystan Hazar deňzindäki suwasty serhetlerini kesgitlediler. Ylalaşykda her döwletiň Hazar deňzindäki öz giňişligine garaşsyz hukuklary, şol sanda öz milli giňişliklerinde tebigy resurslardan peýdalanmak hukugy berkidildi.

XS
SM
MD
LG