Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Jaýlaryň daşyndaky haýatlar henizem dur


Aşgabadyň Parahat-2 mikroraýonyndaky köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň biri. 14-nji iýun, 2015 ý.
Aşgabadyň Parahat-2 mikroraýonyndaky köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň biri. 14-nji iýun, 2015 ý.

Aşgabatda şäheri abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäginde Parahat-1,2 mikroraýonlaryndaky köpgatly jaýlaryň käbirleriniň daşyna mundan 1-2 ýyl öň haýatlar aýlanypdy. Şol haýatlaryň käbirleriniň heniz hem durandygy we jaýlaryň daşynda alnyp barylýan abatlaýyş işleriniň hem tamamlanmandygy habar berilýär.

Maglumata görä, gürrüňi edilýän sebitde 40-a golaý köpgatly ýaşaýyş jaýynyň daşyna haýatlar aýlanypdyr. Häzirki wagtda şol köpgatly jaýlaryň diňe ikisiniň daşyndaky haýatlaryň aýrylandygy habar berilýär. Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça Aşgabadyň ýaşaýjysy aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:52 0:00

XS
SM
MD
LG