Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kitaby oka, puluny, halasaň ber


Brazil ýazyjysy Paulo Koelo.

Paulo Koelodan bir täzelik.

Meşhur brazil ýazyjysy Paulo Koelo öz kitaplaryny satmagyň täze bir usulyny ulanýar.

Geçen hepde ol iki sany kitabyny Internetde mugt goýdy. Onuň "Kitap satuwynda üýtgäp duran usul" diýip atlandyrýan täze metodyna görä, okyjylar kitaby okap bolansoňlar, eger ony halasalar, diňe şonda kitabyň puluny tölärler.

Internetde P. Koelo 1997-nji ýylda çap edilen "The Manual of the Warrior of Light" (“Ýagtylyk esgeri”) atly eseriniň iňlisçesini we "Brida" atly romanynyň portugal dilindäki nusgasyny okyýjylara hödürleýär.

Ýazyjy bu kitaplary bir wagtda elektron kitaplar neşirýatynyň sahypasy "Inkittde" we öz şahsy internet blogunda goýupdyr. Şol kitaplary häzir elektron görnüşde internetden alyp bolýar.

Paolo Koelonyň portugalça we ispança kitaplaryny hem Internetde şeýle görnüşli satuwda goýjakdygyny habar beren "The Guardian" gazeti ýazyjynyň bu täzeligi neşirýat dünýäsindäki kynçylyklar bilen baglanyşdyryp, şeýle düşündirendigini ýazypdyr: "Kitap okamagyň, almagyň we satmagyň her hepdede täze usullaryny tapmak zerur”.

Internetden onuň iňlisçe kitabynyň diňe bäşden dört bölegini okap bolýar. Galan bölek barada P. Koelo öz blogunda şeýle ýazýar: "Mende hem onuň doly nusgasy ýok. Diňe birnäçe sahypasy kem. Bulam kitabyň okalmagyna päsgelçilik döredenok. Eziz okyjy, eger bu sözleri halan bolsaň, haýyş edýärin ony satyn al. Sen ony satyn alanyňda, biz neşirýatlara bu usulyň biznese zyýan ýetirmeýändigini aýdyp bileris".

P. Koelo mundan owalam şuňa meňzeş çykyşlar edipdi. Meselem, 1999-njy ýylda "Himik" atly romanynyň orsça nusgasyny adamlar skannerden geçirip, Internetde goýanlarynda, ol öz kitaplarynyň Internetde bikanun goýulmagynyň we ol ýerden alynmagynyň tarapyny tutupdyr.

2012-nji ýylda bolsa "Pirate Baý" internet sahypasynda "hemme garakçylary birleşmäge we özüniň şol wagta çenli ýazan ähli eserlerini garakçylyk ýoly bilen ýaýratmaga" çagyrypdyr.

Indi bolsa ol kitabynyň ýüzden segsen bölegini mugt, galan ýüzden ýigrimi bölegini bolsa pully okamagy teklip edýär.

XS
SM
MD
LG