Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Musulmanlaryň arasynda Amerika ýigrenji KGB döredipdirmi?


Owganystan.
Owganystan.

Musulmanlaryň arasynda Amerika ýigrenji KGB döredipdir.

Rumyniýanyň owalky diktatory Nikolaý Çauşeskunyň gizlin habar alyş gullugy taýdan geňeşçisi Ion Mihai Paçepanyň öňe sürmegine görä, ýörite bu ugurda 1970-nji ýyllarda Sowet KGB-siniň baştutany Ýuriý Andropowyň ýolbaşçylygynda uzak möhletli operasiýa alnyp barlypdyr.

Paçepa "Sowuk uruş" mahalynda kommunistik bileleşikden Günbataryň tarapyna geçen iň ýokary çinli adam bolupdyr. Ol 1978-nji ýylda ABŞ-a gaçypdyr we şondan soň Merkezi gizlin habar gullugy MAG-niň (CIA) goragy astynda gizlinlikde ýaşapdyr. Paçepa indi bolsa öz ýatlamalaryny "Dezinformasiýa" diýen at bilen kitap görnüşinde çap etdirdi. Kitabyň redaktorlarynyň biri hem ABŞ-nyň alymlaryndan Ronald Ryçlakdyr.

Kitapda öňe sürülmegine görä, häzirki döwürde Ýakyn Gündogar we musulman ýurtlarynda giňişleýin ýaýran Amerika, Günbatara we Ysraýyla garşy bolan ýigrenç KGB tarapyndan ýörite taýýarlanypdyr.

"Dezinformasiýa" atly kitapdaky maglumata görä, KGB "SIG" atly operasiýasyny taýýarlan mahaly ondan owal durmuşa geçiren "Seat 12" atly operasiýasyndan ylham alypdyr. Soňky operasiýa bolsa Watikan bilen Rim papasyna garşy bolupdyr. Papa 12-nji Pýunyň Ikinji jahan urşy mahalynda holokosty görmediksirän bolandygy barada propaganda ýaýratmak maksat edinilipdir.

"Yslam älemi täze ekstrimistik toparlaryň döredilmegi üçin peýdalanylýan Petri boş gap ýaly öz bähbidiňe ulanyp boljak sebitdir we marksisikt-leninçilik pikirlere süýkenýän Günbatara garşy jemgyýetleri döretmek üçin ondan peýdalanmak gerek".

Ýuriý Andropow, SSSR-iň KGB-siniň baştutany.

Kitabyň awtorlaryndan bolan Missisipi uniwersitetiniň professory Ronald Ryýçlak şol operasiýanyň gaty üstünlikli netije berendigini nygtap şeýle diýipdir: "1960-njy ýyllaryň öňüsyrasynda Papa 12-nji Pýu ölenden soň KGB-niň uly oýny durmuşa geçirildi. Ol barada kitaplar, makalalar ýazyldy. Dürli dillere terjime edilip, bütin dünýä ýaýradyldy. KGB muny etmek bilen diňe Papany göz öňünde tutmandy. Şol bir wagtyň özünde Katolik buthanasyna, Hristianlyga (Haçparazlyga) we olaryň ýörelgesine eýerýän Günbatar jemgyýetine uly zarba urdy. Şeýlelikde Nikita Hruşýowyň maksadyna ýetildi".

Paçepanyň ýazmagyna görä, 1967-nji ýylda arap ýurtlary bilen Ysraýylyň arasyndaky urşuň möwjemeginden soň KGB-niň baştutany Ýuriý Andropow ýörite uzak möhletli "SIG" atly operasiýany başladypdyr. 1982-nji ýylda SSSR-iň baştutany bolan Andropowyň yüregine düwen planyna görä, sosialistik bileleşigiň ýurtlaryndan müňlerçe içaly Ýakyn Gündogar bilen beýleki musulman ýurtlaryna iberilip, halky Günbatara garşy gönükdirmek maksat edinilipdir.

1987-nji ýylda Çauşeskunyň režimi hakda ýazan "Gyzyl gözýetimler" atly kitaby bilen kommunistik bileleşikde, ýagny blokda çynlakaý jedelleriň döremegine sebäp bolan Paçepa henize çenli metbugatda çykyş etmändi. Diňe Azatlyk Radiosynyň sowallaryna ýazmaça jogap beripdi.

Paçepanyň aýtmagyna görä, ol 1978-nji ýylda ýurtdan gaçyp çykýança, diňe rumyn KGB-si dürli musulman ýurtlara 500-e golaý içaly iberipdir. Umuman alnanda bolsa, Moskwadan alnyp barylýan operasiýanyň çäginde iberilen içalylaryň sany şol wagta çenli 4 müňe golaýlapdyr. Pasepanyň nygtamagyna görä, içalylary ýörite musulman azlyklarynyň arasyndan saýlap alypdyrlar we olary hamala mugallym, molla, inžener, doktor, sungat işgärleri hökmünde iberipdirler. Iberilen içalylaryň ýüzden 75 göterimi öz missiýasyny üstünlikli dowam etdirip bilipdir.

Paçepanyň bellemegine görä, häzirki döwürde yslam dünýäsinde Günbatara garşy edilýän radikal çykyşlary, terrorçylykly hüjümleri gören mahalyň KGB-niň planyny üstünlikli berjaý edendigine göz ýetirmek bolýar.

"Russiýada ors patyşasy wagtyndaky antisemitizm, "Sion akyldarlarynyň protokollary” ýaly toslama dokumentleriň ýaýramagyndan soň jöhütler (ýewreýler) talanyp başlapdyr. Milletparaz antisemitizmiň ösmegi netijesinde-de soňra Holokost bolupdyr. Sowet hökümetiniň ýaýradan antisemitizm ideýalarynyň netijeleri bolsa häzirki halkara terrorçylykdyr".

Rumyniýanyň owalky howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ion Mihai Pasepa.

Kitapda öňe sürlüşine görä, SSSR-iň howpsuzlyk gullugy bu plany durmuşa geçirmek üçin Palestinanyň garaşsyzlygyna şertsiz goldaw bermegi dowam edipdir. Palestinanyň azat ediş goşuny ýaly käbir guramalara marksizm-leninizm ideologiýasy esasynda tälim berlipdir we olara kömek gaýgyrylmandyr. Munuň ýany bilen Ysraýylyň we sionistik ideýalaryň milletparazlyk ýaly kabul edilmegi, Amerika bilen Günbatary bolsa şeýle ideýalaryň goldawçysy edip görkezmek babatynda yzygiderli tagalla edilipdir.

Meselem, ideologiýa materialy höküminde ors patyşasy döwründe toslap tapylan "Sion akyldarlarynyň protokollary" ýaly materiallar terjime edilip, ýaýradylypdyr. Şol protokollarda jöhitleriň Ýewropany öz ellerine almak planlarynyň bardygy aýdylypdyr. Ors patyşasy döwründe şol protokollar ýaýradylandan soň, Russiýada jöhitler talanyp başlapdyr.

Paçepanyň aýtmagyna görä, "SIG" diýip atlandyrylan ýörite operasiýa hut Andropowyň özi ýolbaşçylyk edipdir we onuň özi kommunistik ýurtlaryň howpsuzlyk organlaryna şeýle tabşyryk ýazypdyr: "Yslam älemi täze ekstrimistik toparlaryň döredilmegi üçin peýdalanylýan Petri boş gaby ýaly öz bähbidiňe ulanyp boljak sebitdir we marksistik-leninçilik pikirlere süýkenýän Günbatara garşy jemgyýetleri döretmek üçin ondan peýdalanmak gerek".

Paçepa Azatlyk Radiosyna şeýle sözleri ýazýar: "Russiýada ors patyşasy wagtyndaky antisemitizm, "Sion akyldarlarynyň protokollary” ýaly toslama dokumentleriň ýaýramagyndan soň jöhitler talanyp başlapdyr. Milletparaz antisemitizm hem Holokosta getiripdir. Sowet hökümetiniň ýaýradan antisemitizm ideýalarynyň netijeleri bolsa häzirki halkara terrorçylykdyr".

XS
SM
MD
LG