Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oraza aýynda nähili iýmitlenmeli?


Gurhan okap oturan bir ýaşuly.
Gurhan okap oturan bir ýaşuly.

18-nji iýun, yslam dinine görä, "On bir aýyň soltany hasaplanýan oraza aýynyň ilkinji günüdir. Yslam dininiň wajyp hasaplaýan amallarynyň biri hökmünde, mukaddes Gurhanda aýan edilişine görä, bu aýda her bir musulman agyz bekläp, oraza tutmalydyr.

Orazada agyz beklemek ertir namazyndan başlap, agşam namazyna çenli dowam edýär. Bu bolsa orazada agyz bekleýän bir adamynyň takmynan 17 sagatlap aç we suwsuz galýandygyny aňladýar. Onda 17 sagatlap aç we suwsuz galan bir adam, organizmine zyýan bermän, nähili dogry iýmitlenmeli?

Doktorlar we dini alymlar nähili maslahat berýärler?

Lukmanlar agzaçar bolan wagty ilki bilen 1 bulgur suw içmegi we birnäçe sany hurma iýmegi maslahat berýärler:

"Şeýle edilen halatynda aşgazan we içegeler ulgamy adaty işine täzeden başlap bilýär. Şol bir wagtyň özünde hem çakdanaşa köp iýmegiň öňüni alýarsyň. Dürli witamin we mikroelementlere diýseň baý bolan hurma adama derrew dokluk duýgusyny hem-de energiýa berýär. Şonuň üçinem hurma orazada agyz bekleýän her bir adamyň gündelik saçagynda hökmany suratda bolmalydyr".

Käbir din alymlarynyň aýtmagyna görä, orazada, agyz açylandan soňra, musulman ilki namazyny okamaly, zikir etmeli we diňe şondan soň esasy iýmitleri iýmäge başlamaly: "Çakdanaşa iýmejek boluň. Sebäbi bu siziň fiziki hem ruhy sagdynlygyňyz üçin gaty zyýanlydyr. 16-17 sagatlap açlyga we suwsuzlyga döz gelen organizm çakdanaşa iýlen iýmiti doly siňdirip bilmez. Hatda çakdanaşa iýlen mahaly adamyň ýagdaýy erbetleşip, aşa düşüp, doktoryň kömegine mätäçlik çekýän wagtam bolýandyr".

Nähili peýdal bolsa-da, artykmaç içilse, suw hem zyýanlydyr

Şol bir wagtyň özünde nahar iýilýän mahaly suw bilen beýleki içilýän zatlaryň azajykdan içilmegi maslahat berilýär. Bolmasa aşgazanyň siňdiriş kadasy bozulýar. Aslynda suwuk zatlary iýmit iýmezden öň ýa-da iýip bolanyňdan biraz salym geçendsoň içmek maslahat berilýär.

Lukmanlar oraza aýynda agyr, ýagly, aşa gowrulan, souslardan, duzly iýmitlerden hem saklanmagy maslahat berýärler. Ýagy az et we balyk önümlerine ýykgyn etmek dogry iýmitlenmek hasaplanýar. Oraza saçagynda dürli miweler we ir-iýmişler bilen gök-önümler agdyklyk etmelidir. Doktorlaryň aýtmagyna görä, miwe we gök-önümler tebigy fermentlere, ýagny ýokumly jisimlere diýseň baýdyr. Bular adamyň iýmit siňdiriş ulgamyna gowy kömek edýär. Lukmanlaryň pikirine görä, orazada hökmany suratda süýt önümlerinem iýmeli.

Selälik ýa-da daňdanky nahar

Ertir namazyndan öň iýilýän ertirlik gaty ýeňil we şol bir wagtyň özünde-de adamy dok edýän ýokumly iýmit bolmaly. Bilermenleriň pikirine görä, şeýle iýmitlenilen halatynda orazada agyz bekleýän adam agzaçara çenli aşgazan sebäpli kyn ýagdaýa düşmeýär.

Munuň üçin dürli aşlar, gök önümlerden edilen salatlar, miweler, injir, erik, garaly ýaly dürli miwelerden edilen kaklar, süýt önümleri we ýumurtga maslahat berilýär.

Selälikde, daňdan, agyz beklenjek mahaly, süýji tagamlar (tort, gutap, köke, datly we ş.m) iýmek maslahat berilmeýär. Şonuň ýaly-da uzak günläp aşgazany biynjalyk edip, size suwsuzlyk duýgusy bilen azar bermez ýaly duzly, sously, ýagly iýmitlerden hem çetde durulmagy hökmanydyr.

Günüň dowamynda adam iň azyndan iki litr suw içmelidir. Doktorlar kadaly iýmitlenilmedik halatynda böwreklerde näsazlygyň döräp biljekdigini duýdurýarlar.

Säher wagty iýmitlenen mahalyň limonly suw (limonad) içmek örän peýdalydyr. Çaý organizme has köp buşukdyrýan täsir berýändir we şol sebäpden daňdan selälik edinilen mahaly köp çaý içmek maslahat berilmeýär. Lukmanlaryň pikrine görä, mineral suwlara gezek gelende-de ätiýaçly bolmaly. Olar dürli duzlara örän baý bolansoň, mineral suw içilende ol bedende suwsuzlygy artdyrýar.

XS
SM
MD
LG