Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Golýazma dawasynyň soňy


Franz Kafka
Franz Kafka

Ysraýyl sudy Franz Kafkanyň golýazmalarynyň seýrek bir kolleksiýasyny ýurduň Milli kitaphanasyna bermeli etdi diýip, ysraýyl hem iňlis neşirleri ýazýar.

Suduň karary Pragada doglan we nemes dilinde ýazan ýazyjynyň hekaýalar toplumynyň üstünde uzak wagt dowam eden kanun çekeleşigini soňlaýar diýip, habarlarda aýdylýar.

Çarşenbe güni çap edilen höküm Tel Awiwiň ýaşaýjysy Ýewa Hoffäniň (Eva Hoffe) öz eýeçiligindäki golýazmalary Ysraýylyň Milli kitaphanasyny gowşurmagyny buýurýar.

Mälim bolşy ýaly, Kafka 1924-nji ýylda ýogaldy we onuň ýazan eserleriniň köpüsi şondan soňra çap edildi.

Ol öz golýazmalaryny we işlerini dosty Maks Broda berip, olary özi ýogalanyndan soň ýakmagy tabşyrýar.

Emma Brod Kafkanyň haýyşyny bitirmeýär we onuň golýazmalaryny 1939-njy ýylda nasistleriň ýanamasyndan gaçanda, özi bilen Palestina alyp gelýär.

Brod 1968-nji ýogalýar, emma ol Kafkanyň kolleksiýasyny, şol sanda çap edilmedik eserlerini öz sekretary Esther Hoffä galdyrýar.

Esther Hoffe, Broduň wesýetnamasyny görä, Kafkanyň işlerini çap etmeli we onuň edebi emlägini degişli ýerine ýerleşdirmeli.

1973-nji ýylda, Hoffäniň Kafkanyň golýazmalaryny daşary ýurtdaky bir auksionda satmakçy bolýandygy baradaky habar ýaýranyndan soň, Ysraýylyň baş prokurory oňa Hoffäniň wesýetnamasyny ýatladýar.

Esther Hoffe 2007-nji ýylda ýogalanyndan soň, bu kolleksiýa onuň iki gyzyna geçýär we şondan bäri ol iki gyzyň hem biri aradan çykypdyr.

Ýöne olar 2008-nji ýylda bu golýazmalaryň özlerine degişlidigi, ýagny öz emläkleridigi baradaky sud seljerişligine başlapdyrlar.

Suduň 2012-nji ýyldaky karary olaryň bu talabyny ret edýär we şu hepde, Tel Awiwiň etrap sudunyň çykaran 62 sahypalyk karary öňki hökümi güýjünde galdyrmaly edýär.

Ýagny, suduň gelen netijesine görä, Ýewa Hoffäniň aman galan ýeke gyzynyň Kafkanyň golýazmalaryna hususy eýeçilik etmek baradaky talaby ret edilýär.

Aýdylmagyna görä, Hoffe maşgalasy bu kolleksiýany bank sandyklarynda, gulp astynda gizläp saklap, onuň käbir böleklerini ýokary baha tölän alyjylara satypdyr.

Kafkanyň işleriniň käbiri Germaniýanyň Edebiýat arhiwinde saklanylýar.

Ysraýlyň Milli kitaphanasy bolsa, bu kolleksiýany bir gün internetde hemmelere elýeterli etjegini aýdýar.

XS
SM
MD
LG