Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda aýlyk köpeldiler


Türkmenistanda 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň möçberi 10 prosent ýokarlandyrylar.

Türkmen metbugaty prezident G.Berdimuhamedowyň bu baradaky karara anna güni geçiren hökümet maslahatynda gol çekendigini habar berýär.

«CA-News» habar gullugynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanda beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň minimal pensiýasy 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýda 966 manat ($276) möçberinde, maksimal pensiýasy aýda 1302 manat ($372) möçberinde kesgitlener, olaryň tylda zähmet çeken ýanýoldaşlary we zähmet weteranlary bolsa, aýda 1185 manat ($339) möçberinde pensiýa alar.

Şeýle-de, gol çekilen karara görä, Türkmenistanda aýlyk haklarynyň minimal möçberi 590 manat ($169) möçberinde kesgitlenilýär diýip, «CA-News» habar gullugy ýazýar.

XS
SM
MD
LG