Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystan: Azyndan alty esger wepat boldy


Halkara koalisiýasynyň Kabuldan günorta tarapda ýerleşýän regionda 20-nji iýulda amala aşyran howa zarbasynyň netijesinde azyndan sekiz owgan esgeriniň wepat bolandygyny “Associated Press” täzelikler agentligi habar berdi.

Regionyň harby ýolbaşçysy Abdul Razak hüjümde sekiz esgeriň wepat bolandygyny aýtdy.

Etrap häkimi Mohammad Rahim Amin Logar welaýatynyň Baraki Barak etrabynyň barlag-geçiş nokadyna ABŞ-nyň iki sany dikuçarynyň ir sagat altyda amala aşyran hüjüminiň netijesinde on esgeriň wepat bolandygyny “Frans Press” (AFP) agentligine aýtdy.

Amin NATO-nyň howadan uran zarbasynyň ýalňyşlyk bilen edilendigini we regionda aktiw hereket edýän “Talybana” garşy çäreleriň sazlaşykly däl bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

ABŞ-nyň ady agzalmadyk harby resmisi “Logar welaýatynda ABŞ-nyň goşunynyň gatnaşmagynda bolan hadysadan özüniň habarlydygyny aýtdy”.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG