Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Yslam döwleti" Gyrgyzystana haýbat atdy


Gyrgyzystanyň raýatlaryna "YD" toparyna goşulmaga çagyryş edýän wideo peýda boldy.
Gyrgyzystanyň raýatlaryna "YD" toparyna goşulmaga çagyryş edýän wideo peýda boldy.

Gyrgyzystanyň organ işgärleri "Yslam döwleti" toparynyň sosial ulgamda gyrgyz dilinde ýaýradan ýüzlenmesi barada barlag işini geçirýärler.

Näbelli bir adamyň Gyrgyzystanyň raýatlaryna "YD" toparyna goşulmaga çagyryş edendigi baradaky wideo 25-nji iýulda internetde peýda boldy. 9 minutlyk wideoýüzlenme YouTube atly internet sahypada goýlandan alty sagat geçenden soň sahypanyň ýolbaşçylary tarapyndan saýtdan aýryldy.

Gyrgyzystanyň Döwlet howpsuzlyk komiteti bilen Içeri işler ministrligi häzir ol adamyň kimdigini we wideonyň ýazga geçirilen ýerini anyklamaga synanyşýarlar.

Teolog Kadyr Malikow, örän möhüm birnäçe ýagdaýa ünsi çekip, şol wideoýüzlenmäniň gaty uly howp döredýändigini nygtapdyr. Onuň pikriçe, şeýle wideoýüzlenmäniň Gyrgyzystanda düşürilendigini anyk aýdyp bolmaz.

Bu ýerde esasy üns berilmeli ýagdaý bolsa, wideoýüzlenmäniň gönümel Gyrgyzystanyň halkyna gönükdirilmegidir.

Kadyr Malikow şeýle diýýär: ”Birinjiden, munuň üns berilmeli esasy aýratynlygy, wideoýüzlenmäniň ilkinji gezek ýörite Gyrgyzystanyň halkyna gönükdirilen ýagdaýda taýýarlanmagydyr. Mundan owal hiç haçan haýsam bolsa bir ýurtdan, mysal üçin, Yrakdan ýa-da Siriýadan Gyrgyzystanyň halkyna ýüzlenme iberilmändi.

Ikinjiden, üns berilmeli esasy aýratynlygy bolsa, Gyrgyzystanyň dinsiz ýurt höküminde suratlandyrylmagydyr. Bu ýerde şeýle wideoýüzlenmäniň "YD" toparynyň ýolbaşçylarynyň ýörite görkezmesi esasynda taýýarlanandygyny hem belläp geçmek gerek”.

Kadyr Malikow, Gyrgyzystanda jemgyýeti radikallaşdyrmaga mümkinçilik döretmek maksady bilen, ýene şuňa meňzeş mazmunda birnäçe wideoýüzlenmäniň ýaýradylyp bilinjekdigi babatda duýduryş berýär: ”Ýagdaý gaty howply. Biz saýlawlaryň edil öňüsyrasynda durus. Halkyň sosial ýagdaýy ýaramazlaşýar.

Ykdysadyýet gaty agyr ýagdaýda. Korrupsiýa we adalatsyzlyk ösýär. Ynha, şeýle ýagdaýlar ýaşlary radikallyga gönükdirýar. Ylaýta-da döwlet ýolbaşçylarynyň hyjap we metjitlerdäki kontrolyň güýçlendirilmegi baradaky soňky çykyşlary jemgyýetde gaýta radikallygy möwjedip biler. Gynansagam, ýagdaý şeýle hem bolýar. Gyrgyzystanda häzir dindar ýaşlar özüne jemgyýetde orun tapyp bilenoklar. Şonuň üçinem olary jemgyýete gyssagly uýgunlaşdyrmak zerur.

Gyrgyzstanyň din işleri baradaky guramasynyň başlygy Maksat hajy Toktomyşew Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda soňky ýagdaýlaryň yz ýanyndan din işleri baradaky guramanyň tagallalaryny hasam güýçlendirendigini nygtap, şeýle diýýär: ”Gyrgyzystandaky hemme ymamlara bu ugurda ýörite tabşyryk berildi.

Ýurduň asudalygyna garşy edilýän öjükdirmelere pursat bermezlik babatda ýörite ýygnak geçirildi. Ýygnagyň netijesinde anna gününe çenli ýurduň ähli metjitleriniň ymamlarynyň gerek bolan materiallar bilen üňjün edilmegi barasynda bir karara gelindi.

Ondan daşgary-da biz has howply sebitleriň ymamlary, aksakgallary we ruhanylary bilen ýörite ýygnaklar hem maslahatlar geçireris. Edil häzir hökümet hem bu ugurda maslahatlara çagyrýar. Enşalla, döwletiň hemaýaty bilen biz hemme ýagdaýy kadalaşdyrarys.

Prezidentiň garamagyndaky "Yýman" fondy ymamlar üçin üç hepdelik ýörite okuw gurnaýar. Fonduň başlygy Nuržigit Kadyrbekowyň bellemegine görä, ekstremizme garşy hökmany suratda güýç däl, eýsem ideologiýa ulanylmalydyr: ”Birinjiden, ekstremisltler ylaýta-da ideologiýa meýdanynda örän işjeň iş alyp barýarlar. Olar elhenç maksatly, diýseň täsirli işlerini bildirmän durmuşa geçirýärler. Şol bir wagtyň özünde-de olar jemgyýetiň gowşak ýerini tapyp, we edil şol ýerden tutup, öz ideologiýalaryny Internetiň üsti bilen birnäçe dilde ýaýradýarlar. Onsoňam, ikinjiden, dünýewi gurluşly döwletiň dünýägaraýşyna käbir ýurtlar özüçe tapawutly ýorgut aýdyp, çemeleşip bilýär. Meselem, owalky sowet respublikalarynda din jemgyýetden aýrylýar. Şonuň üçinem bilim ulgamyna din sapaklaryny hem girizmek kyn bolýar. Üçünjiden, ekstremistler göz öňünde tutýan maksatlaryna ýetmek üçin öz çykyşlarynda, hamala jemgyýet dine garşy ýaly bir garaýşy öňe sürýärler. Şonuň üçinem biz öz ädýän her bir ädimimizi aýratyn düşündirip işlemeli bolarys. Ylaýta-da dini işgärler bilen aýratynlykda köpräk işlemeli. Biziň fondumyz ymamlara gaty uly üns berýär.

Soňky wagtlarda Siriýa gidýän gyrgyzystanlylaryň sany barha köpelýär. Şeýle faktlaryň öňüni almak üçin hökümet olara garşy görülýän çäreleri hasam berkleşdirýär.

Geçen hepde prezident Jenaýat kodeksine üýtgeşiklik bilen goşmaça bölümler girizmek baradaky kanuna gol çekdi. Goşmaça girizilen bölümleriň birinde, daşary ýurtlardaky ýaragly hereketlere gatnaşan ýa-da ekstremistik-terrorçy toparlaryň harby düşelgelerinde tälim alan raýatlaryň 8 ýyldan 15 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip, jezalnadyrylmagy göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG