Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet MH17 tribunalyna weto goýdy


Orsýet MH17 tribunalynyň döredilmegine garşy boldy.
Orsýet MH17 tribunalynyň döredilmegine garşy boldy.

Orsýet BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Malaýziýanyň MH17 gatnawly ýolagçy uçaryny 2014-nji ýylyň iýulynda gündogar Ukrainada kimiň urup ýykandygyny anyklamaga synanjak tribunalyň döredilmegi baradaky rezolýusiýasyna weto goýdy.

29-njy iýulda geňeşe agza ýurtlaryň 11-isi Malaýziýa, Awstraliýa, Niderlandiýa we Ukraina tarapyndan edilen teklibi goldap ses berdi.

Hytaý, Wenezuela we Angola ses bermekden saklandy.

Rezolýusiýa taslamasy ähli ýurtlaryň ýörite tribunal bilen hyzmatdaşlyk etmegini ýa-da sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyny talap edýär.

Ukrainanyň prezidenti Petro Roroşenko ses berişlikden gysga wagt soň, Orsýetiň wetosyna garamazdan, bu meselede adalatyň dabaralanmagyna itergi berjegini aýtdy.

"MH17 gatnawly uçar baradaky tribunalyň ses berişliginiň netijeleri köp zatdan habar berýär. Emma Ukraina munuň bilen çäklenmez. Biziň maksadymyz günäkärlere jeza berilmegini gazanmak» diýip, Poroşenkonyň metbugat sekretary Swýatoslaw Tseholko aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň ilçisi Samanta Rower bu ses berişlikden soň geňeşe «hiç bir wetonyň bu elhenç jenaýatyň derňelmeginiň we günäkärleriň jogapkärçilige çekilmeginiň öňünde durup bilmejegini» aýtdy.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin Orsýetiň derňewçilerine uçaryň ýykylan ýerine barmakda deň mümkinçilik döredilmändigini aýtdy we bu hili tribunalyň bir taraply hem-de media «propagandasy» üçin esas boljagyny öňe sürdi.

Şeýle-de Orsýet, MH17 gatnawly uçaryň ýykylmagyna nämäniň sebäp bolandygyny anyklamakda BMG-ä has giň rol berilmegini sorap, öz taýýarlan rezolýusiýasyny hödür etdi, emma tribunal döredilmegine çagyrmady.
Çurkin bu ugurdaky ozalky tejribeleriň, aýdaly, Rwanda genosidi, ozalky Ýugoslawiýa boýunça döredilen tribunallaryň gymmat bolandygyny aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 29-njy iýulda Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte bilen geçiren telefon gepleşiginde halkara jenaýat tribunalynyň döredilmegine garşy çykdy.

Ukrainanyň territoriýasynda, Orsýetiň goldaýan separatistleriniň kontrolluk edýän ýerinde urlup ýykylan uçarda ýogalan 298 ýolagçynyň köpüsi golland raýatydy.

Malaýziýa, Awstraliýa, Niderlandiýa, Belgiýa we Ukraina MH17 gatnawly uçaryň urlup ýykylmagy boýunça jenaýat derňewini geçirýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG