Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geldi Kärizow Türkmenistandan goýberilmedi


Geldi Kärizowyň
Geldi Kärizowyň

Geldi Kärizowyň maşgalasy şu gün Türkmenistandan gaýtmaga synanyşanda, zorlukly hüjüme sezewar boldy diýip, adam hukuklaryny goraýjy “Crude Accountability” guramasy 5-nji awgustda ýaýradan beýannamasynda ýazýar.

Meşhur Ahal-teke atlary boýunça bilermen Geldi Kärizow we onuň maşgalasy esasy hukuklarynyň biri – ýurduň daşyna çykmak hukugyndan mahrum edildi diýlip, maglumatda Geldi Kärizowyň saglyk ýagdaýynyň gowy däldigi we onuň ýurtda yzarlanýandygy bellenýär.

Habar berlişine görä, aeroporta ugramazlarynyň öň ýanynda bir ulag Geldi Kärizowyň 14 ýaşly gyzy Sofiýany kakmaga synanyşypdyr. Netijede onuň daýzasy Ýelena Serebrýannige birnäçe şikes ýetipdir.

Maşgala hüjüm edildi

Geldi Kärizow, Sofiýa Kärizowa we Ýelena Serebrýannik Aşgabadyň aeroportuna barmaga taýýarlanyp, golaýdaky dükandan zerur zatlary almak üçin çykanlarynda uly awtoulag köçeden öwrülip, göni Sofiýa tarap sürýär. Onuň daýzasy Sofiýany gapdala iterip, zarbany öz üstüne aldy diýlip, maglumatda Geldi Kärizowyň 2010-njy ýylda ýurdy terk edip, ABŞ-da ýaşaýan ogly Daudyň öz dogany barada aýdan sözünden sitata getirilýär: “Häkimiýetler oňa 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda, maşgalamyz ýurdy terk etmäge ilkinji gezek synanyşanda hüjüm etdiler. Hüjümiň netijesinde onuň but süňki döwüldi, bu bolsa meniň kakama [ýurtdan çykmak] synanyşyklaryny bes etmelidigi barada ýakymsyz duýduryş boldy. Häzir ol muny ýene bir gezek etdi. Meniň kakam Türkmenistan üçin örän köp gowulyk etdi, indi olar oňa şeýle zatlary edýärler”.

“Crude Accountability” gurmasynyň maglumatynda habar berlişine görä, Kärizowyň maşgalasy 5-nji awgustda ýüzbe-ýüz bolan wakalarynyň täsiri astynda Moskwa uçmak üçin aeroporta barypdyr.

Kärizow we onuň maşgalasy abraýly atçylyk bileleşigi ”Long Riders’ Guild” guramasy tarapyndan Şweýsariýa çagyryldy. Kärizow bu bileleşigiň agzasy. Sofiýa we Ýelena Orsýetiň raýatlary. Kärizowyň özüne-de Orsýetiň uzak möhletli ýörite wizasy berildi. Emma Aşgabadyň aeroportunda serhet resmileri olaryň uçar biletlerine ret ediji möhür basyp, olary yzyna öwürdiler diýip maglumatda aýdylýar.

Geldi Kärizow Ahal teke atlaryny ýitmek howpundan halas etmek boýunça alyp baran işleri bilen Türkmenistanda we onuň daşynda meşhur. Ahal teke atlary Türkmenistanyň milli simwoly, ýurduň döwlet gerbiniň ortasynda-da atyň şekili bar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt resmilerine we döwlet baştutanlaryna gowşurmagy halaýan sowgady. Özünden öňki prezident Nyýazowyň bolşy ýaly, Berdimuhamedow hem özüne atçylyga iň belet bilermen

hökmünde garalmagyna buýsanýar, ol Kärizowa bäsdeş hökmünde seredip, onuň ýurduň daşyna çykmagyna rugsat bermez diýlip, “Crude Accountability” guramasynyň beýannamasynda bellenýär.

Atşynas we seýis Kärizow ýakynda Patşalyk Geografiýa Jemgyýetine we ”Long Riders’ Guild” atçylyk bileleşigine kabul edildi.

Tussaglyk

2002-nji ýylda Kärizowyň prezident Saparmyrat Nyýazow bilen arasy bozulyp, ol tussag edildi, geleňsizlikde hem wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda galp aýyplanyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Suddan öňki derňew soralyşygynda Kärizowyň ýürek agyrysy tutdy, onuň bedeniniň çep tarapy ysmaz boldy. Türmede oňa maşgalasy bilen duşuşmak ençeme gezek ret edildi, ol kemsitmelere we gynamalara sezewar boldy.

2006-njy ýylda ol Owadandepe türmesine geçirildi we agramynyň 40 kilogramyny ýitirdi, saglygy ýaramazlaşdy.

2007-nji ýylyň oktýabrynda Kärizow amnistiýa düşüp, türmeden boşadyldy. Şondan bäri onuň emlägi elinden alyndy, özi we maşgalasy häkimiýetleriň yzygiderli gözegçiliginde we basyşy astynda saklanýar. Geldä we onuň maşgalasyna zerur medisina kömegini bermekden boýun gaçyrylýar diýlip, Geldi Kärizow barada “Crude Accountability” guramasynyň ýaýradan maglumatynda bellenýär.

Köçe hüjümi

2-nji awgustda Geldi Kärizow Moskwa tarap uçar biletlerini satyn alan güni Aşgabadyň köçesinde hem zorlukly hüjüme sezewar edilipdir.

“Crude Accountability” guramasynyň maglumatyna görä, hüjümçi prowokasiýa etmäge synanyşyp, ony siltäpdir we zorlukly haýbatlary atypdyr, şol bir wagtda-da gapdalynda duran bir adama seredip durupdyr. Kärizow “dem al başarýarkaň” we “bize zat ederin öýdýärsiňmi?”, diýlen mazmunly sözleri eşidip galypdyr.

Munuň öňüsyrasynda, Kärizowyň Orsýetiň wizasyna eýe bolan gününiň ertesi, Milli howpsuzlyk komitetiniň resmisiniň onuň ýanyna baryp, “hatda prezident ölen bolsa-da, Kärizow ýurdy terk edip bilmez” diýendigi aýdylýar.

Şu günki wakadan ozal Kärizow we onuň maşgalasy 2014-nji ýylyň 11-nji dekabrynda hem, Orsýetiň ilçihanasynyň syýahatçylyk etmäge beren rugsadyna garamazdan, ýurtdan çykyp bilmändi.

“Crude Accountability” guramasynyň ýerine ýetiriji müdiri Kate Watters “Türkmen häkimiýetleriniň Kärizowyň ýurduň daşyna çykmak barada ýüzlenmesini ret etmesi adam hukuklaryny gödek depeleýär. Maşgala diňe ýöne öz erkin syýahat etmek hukugyndan peýdalanmaga synanyşany üçin zorluga we gorkuzmalara sezewar boldy. Türkmen hökümeti Geldi Kärizowa we onuň maşgalasyna Türkmenistany terk etmäge derhal we şertsiz ýol bermeli” diýip, bu guramanyň beýannamasynda aýdýar.

Bellenişine görä, hereket azatlygy, şol sanda öz ýurduňy terk etmeklik Adam hukuklary boýunça ählumumy deklarasiýanyň 13-nji maddasynda we Graždan hem syýasy hukuklar boýunça halkara paktynyň 12-nji maddasynda kepil geçilýär. Türkmenistan bu dokumentleriň ikisine-de goşuldy.

“Crude Accountability” guramasy Türkmenistanyň hökümetini Geldi Kärizowa we onuň maşgalasyna Türkmenistanyň daşyna syýahat etmäge, çagyrylan medeni çärelerine gatnaşmagyna we zerur medisina kömeginden peýdalanmagyna derhal ýol bermegini talap edýär.

Geldi Kärizowyň ýurtdan goýberilmezligi bilen bagly ýagdaýyň öňüsyrasynda Norwegiýada ýaşaýan türkmen dissidenti, lukman, prezident G.Berdimuhamedowyň mugallymy Pirimguly Taňrygulyýewiň gyzy we ýaş agtyklary Türkmenistandan goýberilmedi. Taňrygulyýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, olaryň pasportlaryna ömürlik ýurtdan çykmak gadagan diýlen möhür basyldy.

XS
SM
MD
LG