Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň aksiýalary arzanlaýar


ABŞ-nyň maliýe bazary, Nýu-Ýork
ABŞ-nyň maliýe bazary, Nýu-Ýork

25-nji awgustda amerikan aksiýalary arzanlady we ozalky girdejilerini elden berdi. Munuň öňüsyrasynda maýa goýujylar Hytaýyň girdeji bähbitlerini aşaklatmak hereketiniň global derejede ösüş kynçylyklaryny gowşadyp biljegine şübhe bildirdiler.

Wall Street maliýe bazaryndaky söwdalar soňky dört ýylyň dowamynda iň agyr synagy başdan geçiren gününiň ertesi hem durnuksyz boldy.

Standard & Poor's 500 indeksi ozalky ösüşden 2.9% dereje yza tesiş görkezip, 1.4% pese düşdi.

Dow Jones senagat indeksi ozalky girdejililigini elden berip, 660 punkt derejesinde yraň atdy we bir asyrlyk indeksi 208 punkt, ýagny 1.3% pese düşürip, 15.666 boldy.

“Hytaý tarapyndan has adaty stimula dolanmaklyk ençeme maýa goýujyny aljyraňňylyga saldy”, diýip, “Charles Schwab” korporasiýasyndan global inwestisiýalar boýunça strategiýaçy Jeff Klientop aýdýar. “Emma hakykatda bu uzak wagtlyk durnuksyzlyk döwrüniň başlangyjyna meňzeýär”.

26-njy awgustda Aziýada maliýe bazarlarynyň aglabasy, Hytaýyň öz girdeji gazanyş derejesini aşaklatmagy Wall Streetde gyzgalaňly bäsdeşlik döretmänsoň, peseliş bilen açyldy.

Hytaýyň Şanhaý Kompozit indeksi 1.8 % peselip, 2.911 boldy we söwdalar başlananda, bäsdeşlik derejesini yza gaýtardy.

Ýaponiýanyň Nikkei 225 maliýe indeksi 17.861 bolup, durnuklylyga ýakyn derejede saklandy. Gonkongyň Hang Seng indeksi 0.3% pese gaçyp, 21.338 boldy. Taýwanda, Awstraliýada, Täze Zelandiýada we Günorta-Gündogar Aziýada bazarlaryň ählisi has pes boldy.

ABŞ-nyň bazarynyň 25-nji awgustda pese gaçmagynyň öňüsyrasynda global bazarlaryň aglabasy, nebit we milli pullar Pekiniň girdeji bähbitlerini çärýek punkt peseltmek we iri kommersiýa banklarynyň rezerw talaplaryny azaltmak ýaly hereketi bilen baglylykda dikelişe bil baglapdy.

Diňe Şanhaý Komposite indeksi hökümetiň agressiw hereketlerine garşy durdy we öňdebaryjy hytaý indeksini ýene 7.6% peseltdi. Hytaýyň banky iýun aýyndan bäri öz hümmetiniň 40% çemesini ýitirdi.

Ykdysadyýetçiler Pekiniň bazaryny goldamak we Hytaýyň ykdysady ösüşini saklamak üçin hereket etmäge taýýardyklaryny aýdýarlar. Girdeji gazanmak derejesini peseltmekden ozalam Hytaý şu ýyl ençeme gezek agressiw goşulyşypdy.

ABŞ-nyň maliýe nyrhlary Hytaýyň öz bähbitleriniň derejesini peseltmeginiň käbir maýa goýujylarda aladalanma döretmegi bilen baglylykda aşaklady we ABŞ-nyň hökümetiniň gymmatly kagyzlarynyň hem howpsuzlyk aktiwleriniň satylmagyny tutaşdyrdy.

MSCI kompaniýasynyň ösýän bazarlar boýunça indeksi 2.2% ösdi, ol ýedi günüň dowamynda ädimme-ädim yza tesensoň soňky iki ýylyň dowamynda iň ýokary derejäni görkezdi. MSCI-niň bütindünýä bazarlarynyň indeksi 0.12% pese düşdi.

Pan-Ýewropa FTSEurofirst 300 indeksi takmynan dört ýylyň dowamynda özüniň bir günlük iň uly ösüşine eýe boldy we bir gün mundan öň indeksiň hümmetini gyçyran 450 milliard ýewro ýitgisiniň uly böleginiň öwezini doldy.

Nebitiň bahasy ilerledi, emma onuň dünýädäki mukdarynyň artyklygy we Hytaýdaky çökgünlilige bildirilýän aladalanmalar bahalary 24-nji awgustda düşen 6 ýarym ýylyň iň pes derejesinde saklandy. ABŞ-nyň çig nebit fýuçersleri 2.8%-de her barrele 39.31 dollar derejesinde kesgitlendi, Brent markasy 1.2%, 43.31 dollar boldy.

Köplenç global ykdysady aktiwligiň görkezijisi hasaplanýan misiň bahasy 2.3% ösdi.

XS
SM
MD
LG