Gazagystanyň milli puly teňňe, hökümetiň walýuta kursuna degişli resmi çäklendirmeleri ýatyryp alyş-çalyş kursuna erkinlik berýändigini yglan etmeginiň yzysüre, amerikan dollaryna bolan gatnaşygynda öz hümmetiniň 26%-i ýitirdi.
Günüň başynda alyş-çalyş kursy bir amerikan dollaryna 188 teňňe derejesinde bolan bolsa, 20-nji awgustda söwdanyň tamamlanan pursadynda bir amerikan dollary 255 teňňä ýetdi.
Gazagystanyň premýer-ministri Karim Masimow 20-nji awgustda Milli bankyň we hökümetiň täze maliýe syýasatyny gaýragoýulmasyz berjaý edip başlaýandygyny aýtdy.
Karim Masimow bu barada hökümet maslahatynda eden çykyşynda, hususan-da, şeýle diýdi: “Gazagystanyň milli banky we hökümeti 2015-nji ýylyň 20-nji awgustyndan başlap inflýasiýany nyşana almak režimine esaslanýan täze pul-kredit syýasatyny durmuşa geçirip başlamak we walýuta koridoryny ýatyryp, erkin hereket edýän alyş-çalyş kursuna geçmek kararyna geldi”.
Masimow Milli bankyň teňňäniň bazar nyrhynyň kesgitlenmegine gatnaşmajagyny mälim etdi, emma ýurduň maliýe sistemasynyň durnuklylygyna howpuň dörän ýagdaýynda özi üçin “içerki walýuta bazaryna goşulyşmak mümkinçiligini” saklaýandygyny aýtdy.
Şeýle-de Masimow eksportdan gelýän girdejileriň býujet girdejilerine we ýurduň töleg ukybyna ýaramaz täsir ýetirýändigini belledi.
Habar berlişine görä, prezident Nursoltan Nazarbaýew bu “mejbury çäre, emma bizde başga alternatiwa ýok” diýipdir.
Bu kararyň kabul edilmegi Gazagystanyň eksportynyň ýarpysyny emele getirýän nebitiň bahasynyň pese gaçýan wagtyna gabat geldi. 19-njy aprelde çig nebitiň Brent markasynyň bir barreliniň bahasy 47.22 dollara barabar boldy. Geçen hepdede ABŞ-nyň Energiýa informasiýasy boýunça administrasiýasy 2016-njy ýylyň dowamynda nebitiň bahasynyň 60 dollardan arzan boljagyny çak edýändigini aýtdy.
19-njy awgustda Nazarbaýewiň öz ýurdunyň ykdysady syýasatynyň “täze reallyklardan ugur almalydygyny we nebitiň bahasynyň 30-40 dollar aralygynda bolmagyna taýýar bolmaga” çagyrandygy habar berildi.
Gazagystan postsowet giňişliginde iň köp nebit öndürmek boýunça Orsýetden soň ikinji orunda durýar, şeýle-de ol metallary eksport edýär. Ýurduň eksport girdejileriniň derejesi ýanwar we iýul aýlarynyň aralygynda 49% pese gaçdy.
Şeýle-de Gazagystanyň ykdysadyýeti esasy söwda partnýorlary Orsýetiň we Hytaýyň milli pullarynyň hümmetsizlenmeginiň ýaramaz täsirini duýdy.
19-njy awgustda orsýet rublunyň hümmetsizlenmegi hem dowam etdi we soňky aýlardaky iň pes derejä ýetip, amerikan dollary bilen gatnaşykda 1 dollar 66 rubla baryp ýetdi. Pekin geçen hepdede öz milli pulunyň hümmetini peseltdi we Hytaýyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna degişli howatyrlanmalary güýçlendirdi.