Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Musulman dünýäsinde ilkinji suratly kitap


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkler Russiýanyň döwlet kitaphanasyndan türk edebiýatynyň tapylgysyz eserlerini tapypdyrlar.

Russiýanyň döwlet kitaphanasy 1828-nji ýylda açylypdyr we türk edebiýatynyň ilkinji eserleri kitaphana şol bada goşulypdyr. Ol eserler Osman imperiýasynda ilkiji neşir edilen kitaplardyr. Olaryň käbiri şol bada Russiýa sowgat edilipdir.

Iňlis dilindäki türk metbugatynyň ýazmagyna görä, olaryň arasynda ylaýta-da bir sözlük seýrek duş gelinýän tapylgysyz eser hasaplanýar. Sebäbi ol Osman imperiýasynda çap edilen ilkinji kitapdyr. Ol iki topluk arapça-osmança sözlük, 1729-njy ýylda müň ekzemplýar tiraž bilen Ibrahim Muteferrika tarapyndan çap edilipdir. Onuň awtory Ismail al-Jewheridir. Ol sözlük öz döwrüniň intellektuallaryna esasy gollanma bolupdyr.

Tapylgysyz kitaplaryň ýene birem "Tarih-i Hind-i Garbi" (Günbatar hindileriň taryhy) atly Emir Muhammet tarapyndan ýazylan, ýagny musulman dünýäsiniň ilkinji suratly, illýustrirlenen kitabydyr.

Ýöne Ibrahim Muteferrikanyň ol kitaby nähili çap edendigi nämälimdir. Sebäbi, ol döwürde dini kadalar suratly kitaplaryň çap edilmegine rugsat bermeýär ekeni. Şol döwürde adamlaryň we haýwanlaryň suratlaryny çekmek gadagan bolupdyr.

Kitaphanadaky tapylgysyz türk kitaplarynyň ýene birem osman alymy Kätip Çelebiniň "Dünýä geografiýasy" atly kitabydyr. Ol kitabyň Türkiýedäki asyl nusgasynda suratlar, kartalar ýogam bolsa, şol döwürde Russiýa sowgat edilen nusgada el bilen çekilen suratlar bilen kartalar bar.

Russiýanyň döwlet kitaphanasynda edebiýatdan daşaryn osman imperiýasynyň döwlet adamlarynyň käbir golýazmalary we hususy gollary bilen respublikanyň ilkinji ýyllaryndaky hadysalara degişli dokumentler hem saklanýar.

XS
SM
MD
LG