Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 36-njy hepde
5
Mary şäherindäki awtoterminalda otly biletlerini almak üçin nobata duran ýolagçylar. Marynyň demirýol wokzalynyň 1-nji terminaly abatlaýyş işleri sebäpli ýapyldy. Terminalyň ýapylmagynyň bolsa, ýolagçylarda dürli bökdençikleri döredendigi habar berilýär.
6
Aşgabadyň "Gaudan" sebitindäki köçeleriň birinde söwda edýän zenanlar. Türkmenistdanda käbir köçe söwdagärleriniň gyşyň sowugyna, tomsuň yssysyna garamazdan, ertirden agşama çenli köçelerde oturyp, söwda edýändigi habar berilýär.
7
Ýakynda ýumrulan "Daýhan bazarynyň" boşap galan meýdançasy. Aşgabatda “Daýhan bazary” diýlip atlandyrylýan lomaý söwda bazarynyň söwdagärleri şu ýylyň mart aýynda başga ýere göçürilipdi. "Daýhan" bazarynyň göçürilmegi telekeçiler bilen birlikde, ýerli ýaşaýjylara hem täsir ýetirdi.