Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mejbury zähmet "bes edilmeli"


Lebap welaýaty, awgust, 2013.
Lebap welaýaty, awgust, 2013.

Senagat paýdarlary, bu iki ýurtda pagta ýygymynyň başlanmagyna gabatlap, gowaça meýdanlarynda mejbury zähmetiň soňlanmagy üçin, Özbegistana we, ilkinji gezek, Türkmenistana basyş görkezýärler.

«Pagta kampaniýasy» diýen şygar astynda işleýän toparlar özbek hökümetiniň geçen ýyl ýurduň bir milliondan gowrak raýatyny, türkmen hökümetiniň bolsa müňlerçe türkmen raýatyny gowaça meýdanlarynda pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edendigini aýdýarlar.

Özbegistan dünýäniň bäşinji orundaky uly pagta eksport edýän ýurdy bolsa, Türkmenistan dünýäniň ýedinji derejedäki uly pagta eksportçysy diýlip hasaplanýar.

Üýtgemeýän sistema

«Bu hökümetleriň hiç biri özüniň pagta önümçilik sistemasyny üýtgetmedi we, milli hem halkara kanunlaryny bozmak bilen, hökümet guramaçylygyndaky mejbury zähmetiň bu ýylky pagta ýygym möwsüminde hem dowam etdiriljegi gutulgusyz» diýip, «Pagta kampaniýaçylary» «just-style.com» websaýtynyň habarçysyna aýdypdyr.

«Pagta kampaniýaçylary» Özbegistanyň gowaça meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylyşynyň gowy dokumentleşdirilendigini, emma eşik tikýän kompaniýalara Türkmenistandaky ýagdaý barada aýdanlarynda, olaryň geň galandyklaryny gürrüň beripdirler.

Ýöne olar H&M we Inditex kopmaniýalarynyň ikisiniň hem Türkmenbaşydan, türkmen hökümetiniň aglaba ýagdaýda mejbury zähmet ulanmak arkaly öndürýän pagtasyndan öndürilen önümleri satyn alandyklaryny aýdypdyrlar.

«Global geýim-eşik kompaniýalary, Türkmenistanda mejbury zähmet netijesinde öndürilen pagtadan gaça durmak üçin, bir ýere jemlenip, türkmen hökümetini pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmeti soňlamaga çagyrmaly» diýip, aktiwistler aýdýarlar.

«Pagta kampaniýaçylarynyň» ynançlaryna görä, pagta önümçiliginde mejbury zähmetiň soňuna çykmak üçin ýene birnäçe çäre görülmeli.

Anyk çäreler görülmeli

Olar özbek we türkmen hökümetleri mejbury zähmeti gadagan etmek baradaky kanunlaryna eýerermi, ýagny öz kanunlaryna hormat goýarmy diýen soragy berýärler.

Geçen ýylyň aprelinde Halkara zähmet guramasy bilen mejbury zähmetiň soňuna çykmak barada ylalaşyga geleninden soň, Özbegistan geçen ýylyň güýzünde pagta meýdanyna sürülýän çagalary azaltmak üçin esasan uly adamlary gowaça meýdanlaryna çykmaga hem pagta hasylyny ýygnamaga mejbur etdi diýip, «Pagta kampaniýaçylary» aýdýarlar.

Özbegistanda 2015-nji ýylyň birinji ýarymynda hem gowaça otamakda mejbury zähmetiň ulanylandygy aýdylýar. Şol bir wagtda geçen aý özbek hökümetiniň mugallymlaryň, saglyk işgärleriniň pagta sürülmeginiň öňüni almak üçin meýletinçileri toplamagy höweslendirýändigi habar berildi.

Bu ýyl Özbegistanda ýerli toparlar we adam hukuklaryny goraýan Özbek-German forumy kimdir birleriniň gowaça ekişinde we pagta ýygymynda mejbury ýagdaýda ulanylyp-ulanylmazlygyna gözegçilik edýär.

Türkmenistan "hiç jogap bermeýär"

Emma türkmen hökümeti gowaça meýdanlarynda, pagta ýygymy möwsüminde mejbury zähmetiň ulanylýandygy baradaky aladalara hiç wagt jogap bermedi diýip, «Pagta kampaniýaçylary» aýdýarlar.

2014-nji ýylda türkmen hökümeti öz onlarça müň raýatyny mejbury ýagdaýda pagta meýdanlaryna işlemäge sürdi we 2015-nji ýylda hem özüniň pagta önümçiligi sistemasynda hiç bir özgerişligiň boljagyna yşarat etmedi diýip, aktiwistler aýdýarlar.

Şeýle-de olar özbek we türkmen hökümetleri garaşsyz hukuk guramalaryna, aktiwistlere we žurnalistlere, öç alynmagyndan gorkman, pagtaçylyk pudagyndaky şertleri derňemäge hem-de habar taýýarlamaga rugsat bermeli diýýärler.

XS
SM
MD
LG