Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşulular maslahaty: tok, gaz, suw tölegli bolsun!


Ýaşulular maslahaty
Ýaşulular maslahaty

Türkmenistanda ilata berilýän mugt elektrik toguny, tebigy gazy we suwy mundan beýläk tölegli etmek teklip edildi. Bu baradaky çagyryşlar penşenbe güni Awazada geçen Ýaşulular maslahatynyň dowamynda ýaňlandy.

Ahal welaýatynyň ymamlarynyň biri Gurbangeli Aýlyýew münbere çykyp, prezidenti taryplap eden çykyşynyň bir ýerinde, häzire çenli mugt berlip gelinýän sosial hyzmatlara töleg girizmek barada teklip edip, munuň “giňden goldanyljakdygyny” aýtdy.

Çykyş edenleriň ýene biri, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 93-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy diýlip tanadylan Gözel Saparmyradowa hem ýurduň bilim ulgamy baradaky gürrüňiniň dowamynda ilata berilýän toguň, suwuň, gazyň tölegli bolmalydygyny aýty. Gözel Saparmyradowa bu çagyryşyny ilata berilýän sosial hyzmatlar üçin ýurduň býujetinden, onuň öz sözleri bilen aýdylanda, “örän uly maliýe serişdeleriniň bölünýändigi” bilen düşündirdi.

“Merdem” hojalyk jemgyýetiniň baş müdiri Hudaýnazar Atageldiýew-de öz gezeginde häzire çenli mugt berlip gelnen sosial hyzmatlaryň tölegli edilmelidigini belläp, öz teklibini ilatyň “gowulanan hal-ýagdaýy” bilen düşündirdi.

Ýatlap geçsek, mugt tok, gaz we suw subsidiýalary 1993-njy ýylda ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan girizilipdi. Ilkibaşda şol ýeňillikler 2014-nji ýyla çenli dowam etmeli diýlip kesgitlenipdi. Emma 2004-nji ýylda hökümet subsidiýalaryň möhletini 2030-njy ýyla çenli uzaltdy.

Şol bir wagtda mundan iki ýyl ozal Daşoguzda geçirilen Ýaşulular maslahatynyň dowamynda ilata berilän mugt subsidiýalary “çäklendirmek” teklip edilip, bu teklip soňra resmi derejede kabul edildi.

Türkmenistanyň prezidenti düýnki maslahatyň dowamynda eden çykyşynda orta atylan tekliplere “garaljakdygyny” mälim etdi. Mugt hyzmatlaryň tölegli bolmalydygyny öňe süren maslahata gatnaşyjylar gürrüňi edilýän tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, suwuň geljekde göz öňünde tutulýan nyrhlary barada kelam agyz hem söz aýtmadylar.

XS
SM
MD
LG