Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýa Serbiýa bilen aralykdaky serhedini ýapdy


Wengriýa Serbiýa bilen aralykdaky serhedini ýapdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:26 0:00

Wengriýa Serbiýa bilen aralykdaky serhedini ýapdy

Siriýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelýän bosgunlar sebäpli Wengriýa Serbiýa bilen aralykdaky serhetde migrantlaryň gelip ýurda girýän esasy geçelgesini ýapdy.

Serhet 15-nji sentýabrda ýapyldy. Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, ondan bir gün öň 9380 adam Wengriýa gelipdir.

Wengr polisiýasy täze girizilen düzgünleri bozup, ýurda girmäge synanyşanlygy üçin eýýäm 9 siriýaly bilen 7 owganystanlynyň tutulandygyny aýtdy.

Girizilen çäreleriň biri boýunça Wengriýanyň täze girizilen serhet goragyna zeper ýetirmek türme tussaglygy ýa deportasiýa bilen jezalandyrylýan jenaýat iş hasaplanýar. Bu hem Ýewropa Bileleşigine degişli ýurtlaryň arasyndaky erkin hereketi kepillendirýän "Şengen" şertnamasyna ters gelýär.

Hökmany kwota

Bu aralykda Türkiýänň kenarýaka sakçylary 15-nji sentýabrda Türkiýeden Gresiýa geçmäge synanyşanda, azyndan 13 adamyň, şol sanda dört çaganyň, deňizde gark bolup ölendigini habar berdiler.

14-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşigi 120 müň bosguny hökmany kwota esasynda agza döwletlerde ýerleşdirmek baradaky plan hakda ylalaşyp bilmediler.

Bileleşigiň içeri işler ministrleriniň duşuşygyna ýolbaşçylyk eden Lýuksemburgyň daşary işler ministri Jean Asselborn "Geňeş üçin bu gün bir karara gelerden ir" diýdi. Ol soňra hem: "Gyssagly ýagdaýda bolsak-da, proseduralar ýerine ýetirilmeli" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Kwota meselesine aglaba garşy çykýan döwletleriň arasynda Wengriýa, Slowakiýa we Çeh respublikasy bar.

Komissiýa

Ýewropa Bileleşiginiň migrasiýa boýunça komissary Dimitris Awramopoulosyň bellemegine görä, içeri işler ministrleriniň Brýusselde geçen gepleşigi gaty çekeleşikli bolupdyr.

Awramopoulos: "Komissiýa herekete geçmäge kararly. Öňümizdäki günlerde geňeşiň ýene bir gezek duşuşmagy zerur" diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň çylşyrymly düzgünleri boýunça hökmany kwotany agza döwletleriň biragyzdan oňlamagy gerek däl, onuň güýje girmegi üçin köplügiň sesi ýeterlik. Ýöne bu bloguň agzybir däldiginiň alamaty bolýar. Muny hem Bileleşik islänok.

Germaniýanyň içeri işler ministri Tomas de Maiziere agzybirligiň mümkin bolmandygyna gaharyny bildirip: "Käbir ýurtlar bu uly kynçylyk babatda raýdaşlyk jogapkärçiligini duýmaýana meňzeýär. Bu ýagdaý üýtgemeli. Şeýle bolmasa, biz Ýewropada uly problema bilen ýüzbe-ýüz bolarys" diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň içeri işler ministrleri ozal geljek iki ýyllykda Gresiýa bilen Italiýa geler diýip çak edilýän goşmaça 40 müň bosguny ýerleşdirmek babatda ylalaşypdylar.

Bu programma boýunça bosgunlary kabul eden ýurtlara her bosgun üçin 6,000 ýewro (6,800 dollar çemesi) berilýär.

Beýleki çäreler bolsa indi maliýeleşdirilmeli. Galyberse-de, Brýusselde geçen duşuşykda gelnen ylalaşyk boýunça Bileleşik howpsuz diýlip hasap edilýän ýurtlaryň sanawyny düzmeli. Bu ýurtlaryň raýatlaryna başpena berilmek ähtimallygy ýok diýerlik.

Ministrler bu sanawa Balkan ýurtlaryny goşmak bilen ylalaşdylar. Ýöne Türkiýäniň bu sanawa girizilmegi kürt azlygy baradaky zorluklaryň soňky wagtlarda köpelmegi zerarly jedelli.

Kwota pikirini Fransiýa, şeýle hem migrantlaryň aglaba köplüginiň gelýän ýurdy bolan Germaniýa goldaýar.

Iýul aýyndan bäri Wengriýa müňlerçe migrantlaryň Ýewropa Bileleşigine girýän girelgesine öwrüldi. Migrantlar Türkiýeden Gresiýa, ol ýerden hem Balkan ýoly diýilýänden Makedoniýa we Serbiýanyň üsti bilen Wengriýa gelýärler.

Bu ýoldan gelýän migrantlaryň köpüsi Siriýadan, Yrakdan we Owganystandandyr.

XS
SM
MD
LG