Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan çagalarynyň zorlanmagy ýazgaryldy, emma herekete geçilmedi


Owgan çagalary we amerikan esgerleri.
Owgan çagalary we amerikan esgerleri.

Owganystanyň goranmak güýçlerine degişli adamlaryň oglanjyklary zorlamagynyň öňüni almaga synanyşan amerikan harby işgärlerine temmi berlendigi barada 21-nji sentýabrda peýda bolan habarlardan soň bu hadysa ýazgarylsa-da, ýagdaýy üýtgetmek barada Ak tam we Pentagon tarapyndan berlen wada bolmady.

Ak tam "New York Times" gazetinde ýerleşdirilen habar hakda özüniň "çuň aladalanýandygyny" aýtdy. Bu habarda bir ýaş oglanyň jynsy taýdan zorlanmagynyň öňüni almaga synanyşandyklary üçin iki sany amerikan harby işgärine temmi berlendigi aýdylýar.

"Bular ýaly jynsy zorluk Owganystanyň kanunyna we Owganystanyň öz üstüne alan halkara borçlaryna ters" gelýär diýip, Ak tamyň sözçüsi Joş Ernest aýtdy.

Herekete geçmekden ýüz öwürýärler

Ýöne Ak tam bilen Pentagon bu ýagdaýy üýtgetmek ugrunda herekete geçmekden ýüz öwürýärler. Bu işleri edýän adamlaryň kanun taýyndan yzarlanyp-yzarlanmazlygyny kesgitlemeli - owgan hökümeti. Ýöne ol köplenç muny etmeýär.

"New York Times" gazetiniň habarynda aýdylmagyna görä, Ýörite güýçleriň öňki kapitany Dan Kuin bir oglany jynsy bendi hökmünde öz krowatyna daňyp, zynjyrlap saklandygy üçin bir owgan harby komandirini ýenjipdir. Kuin şondan soňra wezipesinden boşadylyp, Owganystandan çykypdyr.

Kuiniň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlaryň harby ýolbaşçylary amerikan esgerlerine owganlaryň oglanlary zorlamagyna "medeni" mesele diýip garamagy buýrupdyr. Muny hem "biz ýerli hökümetiň köküni gowşatmak islämzok" diýip delillendiripdir.

“Içerki jenaýat kanuna degişli mesele”

Goşun 1-nji noýabrda seržant Çarls Martlandy hem wezipeden boşatmak barada iş alyp barýar. Aýdylyşyna görä, Kuin owgan komandirini ýenjeninde Martland hem oňa goşulypdyr.

"Çagalaryň jynsy taýdan zorlanmagyna garşylyk görkezmek amerikan hökümetiniň iň wajyp hasaplaýan meselesi bolsa-da", Ak tamyň pikiriçe, bu ýagdaýlara garap, belli bir karara gelmek Pentagonyň işi diýip, Ernest aýtdy.

"New York Times" gazetiniň sitirlemegine görä, Amerikanyň Owganystandaky harby ýolbaşçylarynyň sözçüsi polkownik Brian Tribus "çagalaryň owgan harbylary ýa polisiýa işgärleri tarapyndan zorlanmagy, umuman, Owganystanyň içerki jenaýat kanuna degişli mesele" diýipdir.

Bu garaýşy 21-nji sentýabrda Pentagonyň sözçüsi kapitan Jeff Dawis-de gaýtalady: "Makalada suratlandyrylýan iş bütinleý ýigrenji zat. Ýöne ýigrenji bolsa-da, ol Owganystanyň kanunynyň ýerine ýetirilmegine degişli mesele".

“Beçebazlygy”

Dawis şol bir wagtyň özünde-de Pentagonyň owgan resmileriniň çagalary zorlamagyny görmezlige salmaly diýip esgerlere görkezme bermändigini belledi.

Owgan hökümeti oglanlaryň jynsy taýdan ulanylmagy, ýagny "beçebazlygy" basyp ýatyrmak üçin tagalla etdi. Beçebazlygyň demirgazyk Owganystanda uzak taryhy bar. Kämillik ýaşyna ýetmedik oglanlar gyzlaryň egin-eşigini geýip, erkek hojaýynlaryň öňünde tans edýär. Bularyň käbirlerini baý we gurply adamlar, köplenç hem öňki uruşparaz serkerdeler jynsy bendi edinýärler.

Amerikanyň döwlet departamenti özüniň Adam gaçakçylygy baradaky hasabatynda beçebazlyga salgylanyp, hökümetiň bu işiň öňüni almak üçin ýeterlik iş etmeýändigini belledi.

Amerikan Kongresiniň ençeme agzalary Pentagondan köpräk iş etmegi talap edýärler.

"Pentagon biziň esgerlerimize bular ýaly wagşyçylykly, yzgytsyz hereketleri görmezlige salyň diýýän bolsa, bu ýeterlik derejede erbet zat. Muny duruzmaga synanyşany jezalandyrmak bolsa ondanam erbet. Jezalandyrylmaly - bular ýaly aklaksyz, wagşyçylykly zatlary döredip, girizen adamlar" diýip, wekil Wern Buçanan aýtdy.

XS
SM
MD
LG