Amerikan ýazyjysy Mark Twen (Mark Twain) diňe bir meşhur romanlaryň awtory däl-de, eýse mugallymdyr.
Ömrüniň soňky döwründe yzly-yzyna duş gelen pajygaly wakalarda üç çagasyny, ýanýoldaşyny we iň ýakyn gowy dostuny ýitirmegine, şonuň ýaly-da amansyz kesele uçramagyna garamazdan, şaýatlaryň bellemegine görä, Twen hiç wagt özüniň degişmek, ýumorçyllyk endigini goýmandyr.
Bir gezek onuň aradan çykandygy barada gürrüňler ýaýrapdyr we bu gepler Tweniň öz gulagyna hem baryp ýetipdir. Ýazyjynyň muňa taryhda öçmejek yz galdyran jogaby şeýle bolupdyr: "Meniň ölendigim dogrudaky gep biraz çişirilen".
Indi bolsa Mark Tweniň bagtly bolmagyň dokuz syry hakda ýazanlaryny dykgatyňyza hödürleýäris:
1. Özünden göwnihoş bolmadyk adamyň durmuşdan hoşal bolmagy mümkin däl.
Özüňizden, öz hereketleriňizden we gylyk-häsiýetiňizden hoşal bolmasaňyz, hemişe munuň ynjalyksyzlygy sebäpli zulum çekmeli bolarsyňyz.
Özüne göwni ýetýän adam sagdyndyr. Hemişe özüni azat hem erkin duýar we dogrudanam arzuw eden ähli zadyna ýetip biler.
Eger özüňizi erkin duýmasaňyz, bu siziň ösüşiňize elmydama päsgel berer. Durmuşda ösüş üçin ähli mümkinçilikleri döretseňizem, içerki dünýäňizde azatlyk hem erkinlik bolmasa, ol size hökman bökdençlik döreder.
Azat hem erkin bolmagyň hötdesinden gelmegi başarmaly. Başga adamlaryň sizi halamagyna garaşmaň. Öz içerki dünýäňizde özüňize göwnüňiz ýetsin we özüňize pisindiňiz otursyn. Bu ugurda ähli päsgelçiligi ýeňip geçiň we öz erkiňize eýe çykyň. Muny başarmak, ýagny bularyň hötdesinden gelmek uzaga çekip biler, ýöne hiç wagt ruhdan düşmäň.
2. Ýaş diňe siziň aňyňyzdaky ýagdaýdyr. Eger ony gaýgy etmeýän bolsaňyz, diýmek ol bir hökmanylyk däldir we onuň bir ähmiýeti ýokdur.
Durmuşdaky päsgelçilikleriň hemmesi diýen ýaly aslynda biziň aňymyzda döreýändir. Biz etjek işimize görä ýaşymyzyň hem utgaşykly bolmalydygyny pikir edýäris. Haçan-da bu iş meniň ýaşyma görä däl diýen düşünjä eýe bolan mahalymyz, ondan soň biziň kämilleşmegimiz mümkin däldir.
Şuny çäksiz ynam bilen aýdyp bilerin, ýagny durmuşda ýüregiňize düwen işiňize siz berk ynananyňyzdan soň, oňa ýetmek üçin hiç hili päsgelçilik bolup bilmez we gijä galdy hasap hem edilmersiňiz.
3. Gülki - ynsana mahsus bolan iň güýçli ýaragdyr. Hiç kim ýumoryň ýiti täsirine garşy durup bilmez.
Ýumor islendik ýagdaýy gülmek üçin başga tarapa öwrüp biler. Gülmek wagtyhoşlugyň çeşmesidir, ýagny azygydyr. Azyk ýeterlik bolan mahaly işlemek hem aňsat bolýandyr we gülen mahalyň oňaýsyz duýgylary beýni aňdan gysyp çykarýandyr. Oňaýly atmosfera eýe bolan beýni täze bir güýç akymyny döredýändir.
Azygy gowy hem ýeterlik bolan adam islendik problemanyň hem hötdesinden gelip bilýändir.
4. Gahar-gazap - içine salnan gaby zaýalaýan turşy önüm ýalydyr. Ol ilki salnan gabyna soňky guýlan gabyndakydan has köp zyýan berýändir.
Gahar-gazap ilkinji dörän ýerini harap edýändir. Gahar-gazap iň bärkisi peýdaly zat däldir. Gazaba münen mahalyňyz ol siziň aňyňyzy öçürýär we siz şol sebäpli nädogry hereket edip, ýa-da ýagdaýy jenaýata çenli eltip bilýärsiňiz.
Eger birine garşy gazap edýän bolsaňyz, şuňa gowy düşünmelisiňiz, ýagny gazaply ýagdaýda ol adama däl, eýsem özüňize has köp zyýan berýärsiňiz. Belki-de, ol adamyň siziň gahar-gazabyňyzdan habaram ýokdur.
Indi gowy oýlanyň, görüň, gahar-gazap - özgämi ýa-da siziň özüňize has köp zyýanly? Gahar-gazap edýän adamyňyz kejirlik edip, raýyndan gaýtmaýan bolsa, onda dawaly ýagdaýy aýyrmak üçin ilkinji ädimi arkaýyn siziň özüňiz ädiň.
Ondan soň eden töwekgelçiligiňize özüňiz hiç wagt puşman etmersiňiz. Çünki şeýle töwekgelçiligi özüňizi aýamak üçin etdiňiz ahbetin. Biderek gahar-gazapdan gaça durmagyň özi hem bagtlylykdyr.
5. Dünýä size bergilidir öýdüp pikir etmäň. Dünýäniň size hiç hili bergisi hem borjy ýokdur. Sebäbi ol sizden öňem bardy.
Çagalykda ähli zady ene-ata üpjün edenligi sebäpli, käbir adamlar kämillik ýaşyna ýetensoňam öz aladasyny özi etmeli däl ýaly pikirde bolýar we çagalyk düşünjesinde gezýär.
Şeýle adamlara, hamala, daş-töweregindäkiler olar üçin alada etmeli ýaly görünýändir. Şonuň üçinem öz-özünden dürli sebäpler oýlap tapýandyrlar. Näme isleýän bolsa, hamala, dünýä olara islän zadyny bermäge borçly ýalydyr.
Garaşýan zatlary başa barmasa-da, başga adamlary günäkärlär, olardan öýkelärler we depressiýa uçrarlar. Dünýäde köp ýagdaýyň bize äşgär bolmaýan sebäplerden ýüze çykýandygyny kabul etmegimiz hökmanydyr. Durmuşda ýagdaýlar siziň isleýän görnüşiňizde bolmaýan bolsa, onda muňa hiç kim günäkär däldir.
Eger azap etseňiz, zähmet çekseňiz öz isleýän ähli maksadyňyza ýetersiňiz. Dünýä şu wagta çenli sany-sajagy bilinmeýän adalatsyzlyklara şaýat bolandyr. Hiç wagt adalatsyzlyklar doly gutarar diýip asla pikir etmäň.
6. Täze ideýalar bilen öňe çykan adam, haçan-da onuň ideýalary başa barmasa, geň görülýändir.
Täzelikler hemişe gorkunç hem hatarly görünýändir. Adamlaryň täze ideýalara görkezýän garşylykly reaksiýasy size we siziň ideýäňyza garşy däl, eýse beýleki adamlaryň diýäýjek zatlaryna garşy görkezilýän reaksiýadyr.
Bu olaryň içerki dünýäsindaky duýgudyr. Ony olaryň ähli duýgularynda, aýdýan sözlerinde we deňeşdirmelerinde görmek bolýandyr. Hatda iň aýylganç pursatda hem olar ahyrsoňunda raýyndan gaýdyp, sizi öz erkiňize goýarlar we öz işleri bilen gümra bolarlar.
Şonuň üçinem hiç wagt alada galmaň we size gerek bolan işi etmekden çeke durmaň. Köpsanly tanymal adamlar we açyş edenler, jemgyýetde ýekirlenden ep-esli wagt geçenden soň öz arzuwlaryna ýetip, mynasyp orun almagy başarandyrlar.
7. Pessimizm - gowşak gylyk-häsiýetli adamlaryň özgelerden haraý gözlemeginden başga zat däldir.
Siziň içerki dünýäňiz dykgatyňyzy gönükdirýän zatlaryňyzdan hakykata has köp laýykdyr. Siz özüňizi problemalaryň içine itip, özüňizi azap çekýän we bagtsyz ýaly hasaplap bilersiňiz.
Ýöne dykgatyňyzy pozitiw tarapa gönükdiren mahalyňyz sähel salymyň içinde durmuşyňyzyň akymynyň ýagşylyga tarap gönügendigini özüňiz hem duýup galarsyňyz.
Ünsüňizi problemalara biygtyýar gönükdirmek bilen, siz ýagşylyga barýan ýoly özüňiz böwetleýärsiňiz. Problemalar baradaky gaýgy-gussany, pikirleri ýüregiňizde ynjalyk döräre ýer galar ýaly biraz azaldyň.
8. Öz ruhuňy götermegiň iň gowy ýoly başga biriniň ruhuny götermekdir.
Kyn ýagdaýa düşen bir adama, hatda tanamaýan hem bolsaňyz, eliňizden geldiginden kömek edip bilseňiz, hökmany suratda ruhuňyz galkynar.
Adamyň çäresizlikde öz-özüni halasgär ýaly görmegi onda ynjalyk döredip bilmez. Şol bir wagtyň özünde kömek eden adamyňyz hem gaýtargy hökmünde size ýa-da başga birine kömek etmäge synanyşar. Şeýlelikde ynsanperwerlik duýgusy köpçülige ýaýrar.
9. Ýigrimi ýyl soňra siz eden işleriňiz üçin däl, eýse etmedik işleriňiz üçin ahmyr çekersiňiz.
Şonuň üçinem gämiňiziň ýelkenlerini galdyryň we asuda kenary terk ediň. Ýelkenli gämiňiz üçin iň belent derejäni saýlap alyň. Hemişe gözlegde boluň. Arzuw-hyýal ediň, dünýäni keşt etmäge çykyň.