Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýnşteýn: "Intellektual her jebre döz gelmelidir"


Albert Eýnşteýn
Albert Eýnşteýn

"Adam hukuklarynyň arasynda ady kän halanmaýan bolsa-da has uly ähmiýete eýe bolan bir hak bar olam raýatyň goýberilýän hatalara ýa-da zyýanly hasaplaýan işlerine goşuluşmazlyk haky we borjudyr".

Albert Eýnşteýniň söz azatlygy we adam hukuklary barasynda aýdanlary

Bu ýurduň intelligentleri örän möhüm bir problema bilen ýüzbe-ýüz bolandyr. Yzagalak syýasatçylar "daşarky howp" garaýşyny öňe sürmek bilen, jemgyýetdäki her hili intellektual hereketlere garşy şüphe döredipdirler.

Ol päli azanlar indem bolsa maglumat edinmek azatlygyna çäklendirme goýupdyrlar. Baş egmeýän intellektuallary işinden boşadyp, olary aç goýmaga synanşyk edýärler.

Şeýle howpa garşy intellektuallar näme edip biler? Meniň pikrime görä ýeke-täk çykalga ýoly bar. Gandi ýaly özgerişlik ruhy bilen hereket edip, päliýamanlara goşulyşmazlykdyr.

Sorag edilşige çagyrlan intellektual hiç kimi ýamanlamazlyk üçin her jebre döz gelmelidir. Ýagny ýurdunyň söz azatlygy ugrynda tussag ediljegine, pulsyz galjagyna ýagny ähli tarapdan özüne howp abanjakdygyna garamazdan raýyndan gaýtmaly däldir.

Çehiýadaky Albert Eýnşteýniň býusty
Çehiýadaky Albert Eýnşteýniň býusty

Ýeterlik sanda adam şeýle wajyp ädimi ätmäge edermenlik görkezse, maksadyna ýetip, ýeňiş gazanyp biler. Bulam bolmasa, bu ýurduň intellektuallary olara mynasyp hasaplanan gulçulykdan artykmaç ýagdaýy barybir hak edenok ekeni diýmeli...

Ömrüm ötýänçä bar güýjüm bilen göze görnüp duran hakykatyň maňzyna ýetmäge synanyşdym.

Adamlaryň baýamagy bilen bilelik-de, haksyzlyga we gysyşa garşy ýa-da gumanizm baglarynyň hasam pugtalanmagy barasynda äwmezekleşýändigine göz ýetirdim.

Göz ýetiren ýagdaýlarym diňe mundan ybarat däl: Uzak wagtlap sessiz galmagyň, dymmagyň haýsam bolsa bir jenaýata şärik bolmak ýa-da onuň garamatyny ýagyrnyňda götermek bolýandygyny aňdym. Şeýle düşünje bilenem betbagtçylyklara garşy nähili pikire eýedigimi açyk-aýdyň aýan etdim.

Şeýle ýagdaýyň soňky ýyllarda hasam köpelýändigi göze görnüp duran ýagdaýdyr. Ýöne elbet-de munuň günäkäri men däl ahbetin.

Adam hukuklary we onuň mertebesi ýyldyzlarda ýazylmandyr: Taryh boýunça käbir saýlama adamlar, jemgyýetde birek-biregine nähili çemeleşilende gowy bolýandygy barasynda oýlanyp, soň olary adamlara öwredip gelýärler. Şeýlelik-de olar iň gowy jemgyýeti döredip biljek dünýägaraýyşyň kämilleşmegine öz goşantlaryny goşupdyrlar.

Taryhy tejribeden, ýagşylyga we tertip-düzgüne ymtylyşdan emele gelen bu ideýa we ynançlar, bir dünýägaraýyş höküminde adamlar tarapyndan derrew kabul edilipdir. Ýöne nebsiň basyşy astyndaky adamlar tarapyndan hemişe pozulypdyr.

Taryh, adam hukuklary üçin edilen yzgiderli göreşlerden doludyr we ol göreşlerde hiç haçan ymykly ýeňişe ýetilip bilinmändir.

Ýöne bu maksatdam durşy bilen el çekmek adamzadyň doly yzagalaklygyna sebäp boljakdyr. Häzirki döwürde adam hukuklary diýlende köplenç, raýatyň başga raýatlardan ýa-da döwletden goralmagy, iş hukugyna hem çekýän zähmedine mynasyp gazanç hakyna eýe bolmagy, saýlaw we bilim azatlygyna eýe bolmagy, raýatyň ýaşaýan ýeriniň dolandyrylmagynda adalary üpjün etmek ýaly ýagdaýlary pikir edýäris.

Bularyň hemmesi häzirki ýagdaýda näçe kagyz ýüzünde ýazylan haklar ýaly görünýänem bolsa, aslynda basgylanma howpuna duçar bolmagy owalky döwürlerden has aňsatdyr. Adam hukuklaryna garşy edilýän gödeklikler, kanunlardaky ýetmezçilikleri gowy bilýän käbir hilegär hukukçylaryň üsti bilen amala aşyrylýandyr.

Adam hukuklarynyň arasynda ady kän halanmaýan bolsa-da has uly ähmiýete eýe bolan bir hak bar olam raýatyň goýberilýän hatalara ýa-da zyýanly hasaplaýan işlerine goşuluşmazlyk haky we borjudyr. Munuň iň esasy bölegi hem harby gulluga gatnaşmakdan ýüz öwürmekdir. Şeýle möhüm ýagdaýlara duş geldim. Ösen ahlak düşünjeli käbir şahsyýetleriň hut şeýle sebäpden döwlet bilen arasynda düşünişmezlik ýüze çykandygyna şaýat boldum.

Aslynda Nürnberg sülçüliklerinde, jenaýatlaryň döwletiň buýrugy bilen berjaý edilendigi üçin nemes söweş günäkärleriniň bagyşlanmajakdygyna ynanylýardy. Wyždan, kanunlardan has ähmiýetli ýokarda hasaplanýardy.

Häzirki döwürde has köp syýasy garaýyş bilen söz azatlygyny öwrenmek hem öwretmek barasynda göreş alynyp barylýar.

Kommunizm gorkusy, döwletimizi başga ýurtlaryň öňünde has gülkünç ýagdaýa düşüren syýasy hereketleri oňaýly kabul etmäge iterdi.

Syýasy üstünlige eýe bolmak üçin kommunizm gorkusyny ýaýradýan, häkimýet ambisiýasy bilen päli azan syýasatçylara ýene näçe wagtlap geçirimlilik edilmeli?

Adamlar, iliň öňünde gülkünç ýagdaýa düşmek barasynda şeýle ökdeläpdirler welin fransuzlaryň "gülkünç ýagdaýa düşmek adamy öldürer" diýen nakylynyň indi olaryň arasynda hiç hili manysy galmandyr.

XS
SM
MD
LG