Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat-Tokio: $18 milliardlyk ylalaşyk baglaşyldy


Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. 23-nji oktýabr, 2015 ý. Aşgabat.
Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. 23-nji oktýabr, 2015 ý. Aşgabat.

Ýaponiýa we Türkmenistan bahasy 18 milliard amerikan dollaryndan gowrak pul serişdesine barabar bolan biznes ylalaşygyna gol goýdular.

Energiýa we infrastruktura pudaklaryny öz içine alýan bu ylalaşyga, 23-nji oktýabrda ýapon premýer-ministri Şinzo Abeniň Türkmenistana edýän saparynyň dowamynda gol çekildi.

“Biz elektrik stansiýasynyň gurluşygy we himiýa pudagyna degişli ençeme proýektiň resminamasyna gol goýmagy planlaşdyrypdyk. Olaryň umumy bahasy 18 milliard amerikan dollaryndan geçýär. Bu resminamalaryň ählisine bir salym ozal gol goýduk” diýip, Abe aýtdy.

Bu çykyşdan öň, Abe Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçiripdi.

Bu gepleşiklerden soň ýaýradylan beýanatda liderler ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda gazy gaýtadan işleýän we himiýa desgalarynyň gurluşygyna gatnaşmagyna gowy baha berdiler diýilýär.

Türkmenistan gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji ýerde ýerleşýär.

“Ýaponiýanyň Times” neşiriniň berýän maglumatyna görä, Abe Türkmenistana sapar edýän ilkinji ýapon premýer-ministridir.

XS
SM
MD
LG