2002-nji ýylda Yrakda geçirilen referendumda “Saddam Hüseýniň prezidentlik wezipesinde galmagyna razymysyňyz?” diýen soraga, resmi maglumata görä, saýlawçylaryň 100%-i “hawa” diýip ses beripdir. Mundan bir ýyl soň Saddam Yragyň “Ad-Daur” sebitindäki bir öýde tussag edildi. 2006-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Yragyň Agyr jenaýatlar boýunça tribunaly Saddamy şaýy musulmanlarynyň öldürilmeginde günäli tapyp, ony ölüm jezasyna höküm etdi.