Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Swerdlow: Kerri tussaglaryň ykbalyna ünsi çekmeli


Swerdlow: Kerri tussaglaryň ykbalyna ünsi çekmeli.
Swerdlow: Kerri tussaglaryň ykbalyna ünsi çekmeli.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) Merkezi Aziýadaky kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin regiona sapar edýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, Kerri Merkezi Aziýa etjek ilkinji saparyna, 29-njy oktýabrda Wenada Siriýa barada geçiriljek köptaraplaýyn gepleşiklere gatnaşandan soň başlaýar.

Azatlyk Radiosy Kerriniň bu saparynyň dowamynda gozgalmagyna garaşylýan meseleler barada “Human Rights Watch” guramasynyň düýbi Bişkekde ýerleşýän “Merkezi Aziýa barlag” merkezinden Stew Swerdlow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Kerri, Merkezi Aziýa tarap ýola düşdi. Siziň guramaňyz bu saparyň dowamynda onuň nähili meselelere üns çekmegine garaşýar?

Stev Swerdlow: Jenap Kerriniň öz saparyna bolan gyzyklanmadan peýdalanyp, bu regiony gurşap alan ençeme problemalary gozgap, olaryň çözgüdine täsir ýetirmek üçin aýratyn alada etmegine garaşýarys. Bilişimiz ýaly, tutuş region barha awtoritarlaşýar, Gyrgyzystany hasaba almasak, adam hukuklaryny goraýjy toparlar tutuş regionda görlüp-eşidilmedik derejede basyş astynda.

Şonuň üçin ol öňden bäri tanalýan abraýyna daýanyp, regionda adam hukuklaryna aýratyn üns bermeli we şol meseleler hakda halk köpçüliginiň öňünde öz pikirlerini aç-açan beýan etmeli. Ol graždan jemgyýetleriniň erkin hereket etmekdäki kynçylyklaryna, türmä basylan adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň we žurnalistleriň ýagdaýyna ünsi çekmeli we syýasy tussaglaryň boşadylmagyna çagyrmaly.

Meselem, Türkmenistanda Nepesgulyýew hakda gürrüň etmeli, Özbegistanda Muhammet Bekjanow, Murat Joraýew, Gyrgyzystanda Azimjan Asgarow, Täjigistanda gadagan edilen ”Yslam partiýasynyň” tussag edilen ýolbaşçylarynyň ählisi hakda gürrüň etmeli.

Şeýle-de ol media azatlygyna garşy böwetler, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň işleriniň öňünde döredilýän päsgelçilikler hakdaky aladalary orta atmaly. Meselem, häzirki döwürde Gazagystanda hökümete degişli bolmadyk guramalaryň iş tertibi barada kanun taslamasy barada gürrüň edilýär.

Bu taslama şeýle guramalaryň ählisiniň diňe bir çeşme tarapyndan maliýeleşdirilmegini we ol edaranyň bolsa hökümet bilen maslahatlaşyp iş alyp barmagyny göz öňünde tutýar. Bu hökümete şol guramalaryň iş alyp barjak proýektlerini kesgitlemäge ygtyýar berýär, bu gaty çynlakaý mesele.

Jenap Kerri regionda bolan bu ýagdaýlar barada aýratyn alada bildirmeli we bu çäklendirmeleriň demokratik kada-kanunlara gabat gelmeýändigini aýtmaly hem-de bu hili ädimleriň olaryň hut öz bähbitlerine çapraz geljegini we ABŞ-nyň gymmatlyklaryna hem ters gelýändigini aýtmaly.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistan barada o diýen kän zat aýtmadyňyz. Bu ýurduň hem edil agzap geçen meseleleriňiz boýunça özüne mahsus problemalary bar. John Kerri Aşgabatda bolanda nämelere üns bermeli?

Stew Swerdlow: Biz Türkmenistan barada iki takyk tussagyň ykbaly bilen bagly soragyň gozgalmagyny haýyş edip, John Kerrä ýüzlendik. Olar Nepesgulyýew we Guligeldi Annanyýazowdyr.

Şeýle-de biz edil häzirki gün Türkmenistanda çanak antennalaryna garşy alnyp barylýan göreşiň duruzylmagyny we adamlara öz hususy çanak antenallaryny edinmäge ýol berilmegini türkmen ýolbaşçylaryndan talap edilmeli diýen soragy goýduk.

Türkmenistanda gomoseksuallyk henizem jenaýat bolup galýar, biz bu çäräniň türkmen ýolbaşçylaryndan derhal ýatyrylmagyny soramagy talap etdik. Biz çykyş wizasy bilen bagly problemany gün tertibine girizmegi talap etdik.

Türkmenistan barada gürrüň edenimizde, aýratyn bir ýagdaý bar. Bu ýurt häzirki günde şu çaka çenli bolmadyk derejede halkara ýardamyna mätäç, ykdysady hem howpsuzlyk taýdan kömege garaşýar. John Kerri hakykatdanam şu pursatdan peýdalanmaly.

Ýagny, ol Waşingtonyň Türkmenistana diňe adam hukuklary boýunça gol goýan halkara jarnamalaryna hormat goýan halatynda kömek bermäge taýýardygyny aýtmaly.

Biziň üçin gaty möhüm ýagdaýlardan ýene biri, prezident Berdimuhamedow 2002-nji ýyldan bäri türmelerde saklanýan 100-e golaý syýasy tussaglaryň ykbaly barada takyk maglumat bermeli.

2002-nji ýylda Nyýazowyň janyna kast etmäge boldy diýilýän synanyşykda aýyplanyp tussag edilen adamlaryň henizem diridigini görkeziň diýýän kampaniýa alnyp barylýar, bizem şol kampaniýanyň agzasy, hökümet olaryň diridigini aýan etmeli. Şol tussaglara maşgala agzalary bilen duşuşmaga rugsat etmeli.

Azatlyk Radiosy: Gürrüňini edýän ýagdaýlarymyz hakda türkmen ýolbaşçylary bilen mundan ozalam gürrüň edilen bolmaly, emma iş ýüzünde hiç zat üýtgemedi. Meseläni gozgamak bir zat, emma ýagdaýa hakykatdan hem täsir ýetirmek üçin John Kerri näme edip biler?

Stew Swerdlo: John Kerri dürli görnüşlerde ýagdaýa öz täsirini ýetirip biler, metbugat ýygnaklaryndan peýdalanmaly. John Kerriniň özara duşuşyklarda bu meseleleri gozgamagy mümkin, emma ol özi bilen sapar edýän habarçylara uçarda, uçara münýärkä, uçardan düşüp barýarka, ýagny islendik pursatdan peýdalanyp, agzap geçen ýagdaýlarymyz hakda aç-açan öz pikirini beýan etmeli.

Bu ABŞ ýaly ýurtlaryň jogapkärçiligine girýär, sebäbi onuň daşary syýasaty demokratiýanyň ýaýbaňlandyrylmagyny ündeýär.

XS
SM
MD
LG