Moskwada aktiwistler KGB-niň öňki baş edarasynyň golaýynda jemlenip Iosif Staliniň “Uly terror” döwründe sowet häkimiýetleri tarapyndan jezalandyrylan müňlerçe adamyň hatyrasyna matam çäresini geçirýärler.
Lubýanka meýdançasynda Solowetskiý daşy atly ýadygärliginiň öňünde günüň dowamynda geçirilýän ýatlama çäresinde jezalandyrylan 30 müň çemesi adamyň ady, ýaşy, ýaşan ýeri we öldürilen wagty sanap geçilýär.
1937-38-nji ýyllarda söwet häkimiýetleri tarapyndan jezalandyrylanlaryň sanynyň milliondan geçýär. Şol ýyllarda Türkmenistan sowet respublikasynyň Merkezi ýerine ýetiriji komitetiniň birinji başlygy Nedirbaý Aýtakow we Halk Komissarlar Geňeşiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew repressiýa düşüpdi.
Gaýgysyz Atabaýewiň ogly Kemine kakasynyň repressiýa edilişi barada şeýle ýatlaýar: “Kakam 1937-nji ýylyň iýul aýynda Moskwa çagyrylyp, 1938-nji ýylyň fewral aýynda atylyp öldürildi. Ol Lýubanka baransoň gaýdyp çykmandy”.
Staliniň pidalarynyň hatyrasynda geçirilýän ýyllyk ýatlama çäresine Orsýetiň adam hukuklaryny goraýjy abraýly guramasy “Memorial” guramaçylyk edýär.