Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Anton Çehow: Edepli adamyň sekiz aýratynlygy


Anton Çehow.
Anton Çehow.

Ýazyjy Anton Çehowyň dogany, suratkeş Nikolaý Çehowyň häsiýeti o diýen gowy däl ekeni. Ol aşa serhoşlyk bilen özüni zaýalapdyr. Anton onuň gowşak taraplaryny gaty gowy bilipdir. Şonuň üçinem hemişe ondan biynjalyk bolupdyr. Inisiniň özüni zaýalamagy ony gaty gynandyrypdyr.

A. Çehow inisine bir hat ýaypdyr. Şol hatyň bir bölegini dykgatyňyza hödürleýäris.

Anton Çehow

Edepli ýönekeý adamyň 8 aýratynlygy

1) Olar adamlara örän adamkärçilikli çemeleşýärler. Şonuň üçinem olar hemişe özüni merhemetli, mylaýym hem sypaýyçylykly alyp barmagy başarýarlar.

Çekiji goýan ýerini tapmasa ýa-da rezin diýenini etmese, olar gaharlanmaýarlar. Bile ýaşaýan adamlaryna hiç wagt minnet etmeýärler. Sözi azaşyp öz ýoluna gidende-de, "Siziň bilen ýaşamak mümkin däl" diýmeýärler. Olar goh-galmagala, ynjalyksyzlyga, gazanyň düýbüniň ýanmagyna, naharyň tagamsyz bolanyna, öýe halanmaýan adamlar myhman gelende-de, öz duýgularyna erk edip bilýärler.

2) Olar diňe bir ygyp ýören adamlara we pişiklere merhemetli çemeleşip oňanoklar. Şeýle-de ýönekeý ýagdaýlarda göze ilmeýän käbir zatlar olaryň göwnüni ynjydyp bilýär.

3) Olar özgäniň zadyna, eýeçiligine hem mal-mülküne öran sarpaly çemeleşýärler. Şonuň üçinem bergilerini ýa-da karzlaryny wagtynda tölemäge hem üzmäge çalyşýarlar.

4) Olar sada, türkänä hem ýürekdeş bolýarlar. Ikiýüzlilikden gaça durýarlar. Ýönekeýje ähmiýetsiz söhbetlerde hem ýalan sözlemegi peslik bilýärler. Olaryň pikrine görä, ýalan sözlemek diňleýjä hormatsyzlyk. Onsoňam, ýalan söz diňleýjiniň öňünde abraýdan gaçyryp biler.

Olar ýalandan hereket etmeýärler. Öýde özlerini nähili alyp barýan bolsalar, köpçülikde we köçede hem edil şeýle alyp barýarlar, ýagny gözboýagçylyk etmäge synanyşmaýarlar. Olar gepçi däldir. Diňe geplemeli ýerinde gepleýärler. Gabat gelen ýere burunlaryny hem sokanoklar.

Gybatkeşlik hem bolgusyz gürlemek olarda bolmaýan häsiýetdir.

5) Olar adamlaryň ýüregini awatmak ýa-da ýardam almak üçin özüni gynamaýarlar. Olar adamlaryň kalbynyň iň näzik taryna kakyp, olaryň gaýgy-gussa çümmeginden keýp almaýarlar. Olar "Maňa düşünenoklar!" diýen sözi asla aýtmaýarlar.

6) Olar adaty adamlara meňzemeýärler. Olaryň meşhur şahsyýetler bilen tanşyp, köpçülikde olaryň abraýyndan peýdalanmak häsiýeti ýokdur.

7) Olar öz ukyplaryna hem zehinlerine diýseň duýgurlyk bilen çemeleşýärler. Zehin we ukyplylyk üçin dinparazlykdan, heleýbazlykdan, içgiden, pany dünýäniň ähli keýpi-sapasyndan ýüz öwrüp bilerler.

8) Olar özüni estetiki taýdan hem kämilleşdirýärler. Olar hiç haçan eginbaşly ýatmaýarlar. Ýaşaýan otagynda tagtabitleriň mesgen tutmagyna hem ýol bermeýärler. Hapa howadan dem almaýarlar. Howply bolan ýerlerden ýöremeýärler. Kerogazda (kerosin ojak) bişiririlen nahardan iýmeýärler. Olar jynsy instinkti has saldamly ýagdaýa getirip, nebsi jylawlamaga çalyşýarlar. Olar iýermenlige ýykgyn etmeýärler. Olar zenana keýp oýunjagy ýa-da hyzmatkär hökmünde garamaýarlar.

Olar eýdip-beýdip erkegi öz toruna düşürmäge çalyşýan, ýalançylykdan ýadamaýan aýallardan hemişe gaça durýarlar. Olaryň arasynda ylaýta-da suratkeşler täzeçillige, owadanlyga, nepislige mätäçdir.

Olar duran ýerinde arak içmeýärler. Goş-golamlaryň arasyndan porsy ys gözlemeýärler. Sebäbi olar özüniň doňuz ýaly hapysa däldigini gowy bilýärler. Olar hem içýärler ýöne arkaýynçylykda, ýagny içmeli ýerini we wagtyny bilip içýärler.

Çünki olar "Sagdyn ruhuň diňe sagdyn bedende" bolýandygyny gowy bilýärler. Ynha, ol edepli adamlar şeýledir… Özüňi ýagşy kämilleşdirip, edep taýdan ýokary derejä ýetmek üçin diňe ”Pikwiki” okamak ýa-da ”Faustdan” çem gelen monology ýat tutmak ýeterlik däldir.

Paýtuna münüp, Ýakimanka bir hepde gezelenç etmegem ýeterlik däldir...

Munuň üçin gije-gündiz işlemek, zähmet çekmek, yzygiderli okamak, çuňňur bilime eýe bolmak, özüne erk edip bilýän adam bolmak gerek...

Ömrüň her sagadynyň gadryny bil. Seni zaýalaýan zatlary taşlamagy başar. Arak çüýşelerini ýok et we oturyp oka... Iň bolmanda Turgenýewi oka...

Moskwa, 1886-njy ýyl.

XS
SM
MD
LG