Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Görmeli 7 sany rus-sowet fantastiki filmler


Aelita - Marsyň şa zenany

Sowet döwründe režissýory Ýakow Protazanowyň goýan "Aelita - Marsyň şa zenany" atly sessiz filmi planetalara syýahaty görkezen dünýädäki ilkinji kinofilmdir.

Bu klassyky film Alekseý Tolstoýyň ylmy-fantastiki romany esasynda surata düşürilipdir. Filmde wakalar 1921-nji ýylda başlanýar. Ýurtda Graždanlyk urşunyň ýaňyja gutaran wagty.. Halk açlyk çekýär. Ýurt çöküp barýar. Edil şol wagt hem Los hem Spiridon atly iki sany inžener kosmosdan täsin radiosignal alýarlar.

"Aelita - Marsyň şa zenany" filminden bir bölek.
"Aelita - Marsyň şa zenany" filminden bir bölek.

Marsda bolsa Gor atly bir adam Ýer planetasyndaky durmuşy yzlamaga mümkinçilik berýän enjam oýlap tapýar. Oňa açyşy barada ile habar bermek gadagan edilýär. Emma Marsyň şa zenany Aelita şeýle enjamyň bardygyny bilýär we enjamyň üsti bilen özüne ýer planetasyny görkezmegini haýyş edýär.

Şa zenan enjamdan ýer planetasyna tomaşa eden mahaly gaty köp zady görýär. Şol mahal ogşaşýan bir är-aýaly görýär. Ondan soň Aelita ýer planetasy hakda has köp maglumat edinmek isleýär. Şol bir wagtyň özünde hem ýer planetasynda hälki ogşaşýan är-aýalyň durmuşyndan pursatlar görkezilýär. Nataşa ärindan aýrylyp, söýgülisi bilen ýaşaşmaga başlaýar. Onuň söýgülisi bolsa gyzyl planeta syýahat edýär.

Ol ýerde adama meňzeýän jandarlar bilen ýaşap, olary gaty berk düzgünde dolandyrýan gözel Aelita bilen tanyşýar. Film sowet konstruktiwizmi kadasynda surata düşürilipdir.

Amfibiýa adam

Wladimir Çebotarýowyň we Gennadiý Kazanskiniň surata düşüren sowet kinoprokatynyň lideri bolan, iň köp girdeji getiren bu romantiki ylmy-fatastiki kinofilminde Argentinanyň ýaşaýjylary we balykçylar deňizde peýda bolan geň mahlugy görüp, nätjeklerini bilenoklar.

Zurit atly bir peýdakeş söwdagär dellal şol mahlugy tutup, ony biznes çeşmesine öwürmegi ýüregine düwýär.

"Amfibiýa adam" filminden bir bölek.
"Amfibiýa adam" filminden bir bölek.

Filmiň baş gahrymany, balyk öýkenli kämilleşdirilen ýaş ýigidiň ady - Ihtiandr. Ol alym Salwadoryň geçiren ylmy synagynyň netijesi. Alym ony bir jandardan beýleki jandara beden agzalaryny göçürmek usuly arkaly döredýär. Ihtiandr öýde ösüp-ulalýar. Onuň dostlary delfinler bolýar.

Bir gezek Ihtiandr deňizde gark bolup barýan gyzy halas edýär. Ol waka Ihtiandryň durmuşyny düýpgöter özgerdýär.

Soňra Ihtiandr bilen gözel gyz Katieriň arasynda gatnaşyk başlanýar. Gyzyň kakasy Baltazar bolsa ony barly bir adama durmuşa çykarmagy ýüregine düwen ekeni. Onsoň ol barly adam özüni gyza, hamana, ony gark bolup barýarka ölümden gutaran kişi diýip tanadýar. Huşuna gelen gyzam oňa ynanýar.

Dellal Zurit "Deňiz şeýtanyny" ele salýar. Salwador bolsa Zuritiň gämisine münüp, Ihtiandry onuň hüjüminden halas edýär.

Dellal Zurit Salwadory meniň gämime mündüň diýip aýyplaýar. Onsoň Salwador bilen Ihtiandry tussag edýärler.

Soňra Salwadoryň dosty bolan bir žurnalistiň (ol hem Katiere aşyk eken) kömegi bilen tussaglykdan boşadylýarlar. Ýöne soň Katier gaýdyp Ihtiandra gowşup bilmeýär.

Tussagda köp wagtlap oňaýsyz şertlerde saklanandygy sebäpli, Ihtiandryň ýagdaýy agyrlaşýar. Şol sebäpden ol soňra deňizden başga ýerde ýaşap bilmejek ýagdaýa düşýär.

Apy-tupanlar planetasy

Sowet ýazyjysy Aleksandr Kazantsewiň romany esasynda filmi döreden Pawel Kluşantsewiň surata düşüren kinofilmi (1961), Wenera planetasyna gurnalan syýahaty suratlandyrýar.

"Apy-tupanlar planetasy" filminden bir bölek.
"Apy-tupanlar planetasy" filminden bir bölek.

Amerikan-sowet kosmonawtlary üç sany kosmiki gämide Wenera iberilýär. Gämilerden biri meteorit bilen kakyşyp, hatardan çykýar. Galan ikisi bolsa barmaly ýerine abat barýar.

Gämileriň birinde sowet kosmonawtlary, beýlekisinde bolsa sowet erkek adamlary we zenanlary bilen amerikalylar hem Amerikada ýasalan adama meňzeş roboty bar. Olar o taýda howply wulkanlar bilen dinozawra meňzeýän wagşy haýwanlara duş gelýärler.

Solýaris

Andreý Tarkowskiý "Solýaris" atly iki bölümli kinofilmi (1972) polýak fantast ýazyjysy Stanislaw Lewiniň ýazan eseri esasynda surata düşürýär.

Filmde adamzadyň ahlak problemalary başga planetalylaryň nukdaýnazaryndan gözden geçirilýär. Ol film Kann kinofestiwalynyň baýragyna hem mynasyp bolýar.

Kinofilmdäki wakalar uzak geljekde bolup geçýär. Solýaristika - uzakdaky Solýaris planetasyny öwrenýän ylymdyr. Şol ylym ugry boýunça hem ýer planetasynda maslahatlar başlanýar. Ol planetanyň doly öwrenilmegi üçin serişde aýyrmagy dowam etmelimi ýa-da etmeli däl diýen netijä gelmäge synanyşyk edilýär.

Andreý Tarkowskiý "Solýaris" atly filmini ýazga düşürýär.
Andreý Tarkowskiý "Solýaris" atly filmini ýazga düşürýär.

Şol mahal uçarman Berton Solýaris planetasynyň okeanynyň hem özüçe akylly hereket edýändigini öňe sürýär. Psiholog Kris Kelwin meseläni öwrenmek üçin Solýaris planetasyna uçýar.

"Solýaris" kosmiki ylmy-barlag merkezinde ençe ýyldan bäri Snaut, Sartorýus we Gibarýan atly alymlar ýaşaýar ekeni. Psiholog olaryň ýanyna baran mahaly alymlar toparynyň ruhy ýagdaýynyň bozulandygyny görýär. Indi ol "myhmanlardan" gutulmaga maý tapmaýar.

Soň olaryň biri bolan Gibarýan özüni öldürýär. Özüni öldürmezden owal şeýle diýýär: "Bu wyždan meselesi". Netijede ol planetanyň akylly okeanynyň şol üç alymyň üstünde synag geçirendigi äşgär bolýar. Psiholog Kelwin hem hut şeýle "myhman" hökmünde okeandan täsirlenmäge başlaýar. Okean oňa 10 ýyl mundan owal özüni öldüren aýalynyň keşbini görkezip ugraýar.

Owalbaşda psiholog Kelwin aýalyň keşbinden sypmaga synanyşýar. Ýöne ondan sypyp bilmeýär. Onsoň Kelwin onuň bilen göýä ýaşap ýören janly adam ýaly gepleşmäge başlaýar.

Öz ýagdaýy bilen Kelwine azap çekdirýändigini aňan aýaly özüni öldürmäge synanyşýar. Emma onuň synanyşygy başa barmaýar. Soň alymlar toparynyň agzalaryndan ony öldürmegini haýyş edýär. Olaram onuň haýyşyny ýerine ýetirýärler.

Ondan soň alymlar toparynyň agzalary okeana psiholog Kelwiniň beýni ensifolagrammasyny iberýärler. Onuň netijesinde salgym görünmegi bes edýär. Ýöne ondan soň okeanyň üstünde geň adalar döräp başlaýar.

Ylmy işini tamamlan Kris Kelwin ýer planetasyna, ýagny kakasynyň ýanyna dolanýar. Olar Rembrandtyň "Ýiten ogluň gaýdyp gelmegi" atly suratlaryndaky ýaly görüşýärler.

Ondan soň kamera ýokaryk galýar we ýer planetasynyň hem Solýaris okeanyndaky bir adadygy görkezilýär.

Stalker

A. Tarkowskiniň "Stalker" kinofilmi, sowet ýazyjylary Arkadiý we Boris Strugatskiniň romany esasynda surata düşürilipdir.

Filmdäki hadysalara görä, 20 ýyl mundan owal ol ýere meteorit gaçypdyr. Ondan soň bolsa ol ýerde geň ýagdaýlar ýüze çykmaga başlapdyr. Adamlar hem ýitip başlapdyr. Ol ýerde iň gowy arzuwlaryň hakykata öwrülýän bir otagynyň bardygy barada gürrüňler ýaýrapdyr.

Andreý Tarkowskiý "Stalker" atly filmini ýazga düşürýän pursady.
Andreý Tarkowskiý "Stalker" atly filmini ýazga düşürýän pursady.

Filmiň baş gahrymany ýaňy täzelikde tussagdan çykan "Stalker" lakamly bir adam. Ol, aýaly we keselli gyzy bilen ýönekeý durmuşda ýaşaýar. Stalker ol ýere bikanun ýagdaýda birnäçe gezek baryp görýär. Adamlary ol ýere gezelenje äkidip, pul gazanýar. Aýaly ondan närazy bolýar. Filmiň başynda ol üç gezek zona gidip, şol otagy tapmaga synanyşyk edýär. Ýöne birnäçe ýüz metr labirint ýollary geçmek gerek bolýar.

Ol ýolda bolsa "et üweýän enjam" ýaly gaty hatarly ýerler bar ekeni. Gahrymanlar şonda-da ahyrynda ol otagy tapýarlar. Olardan biriniň lakamy "Ýazyjy" ekeni. Ýazyjy arzuw etmeli bolanda birden ýüz öwürýär.

Professoryň arzuwy bolsa dileg dilemek däl, eýse ol otagy dargatmak ekeni. Şonuň üçinem öz ýany bilen atom bombasyny getiripdir. Ol adamlaryň teýaňynda ýatan syrly arzuwlarynyň hakykata öwrülip, adamzadyň uly zyýan çekmezligi üçin ol otagy ýok etmegiň kül-külüne düşüpdir.

Stalker ony gepe güýmäp, onuň otagy ýok etmegine päsgel bermek isleýär. Şeýlelikde gahrymanlar hiç hili arzuw etmän, jadyly otagyň ýanyndan yzyna gaýdýarlar.

Nol şäher (Zerograd)

"Nol şäher" atly kinofilm SSSR-de Perestroýka döwrüniň iň uly filmleriniň biridir. (1988)

Nol şäher (Zerograd) filminden bir bölek.
Nol şäher (Zerograd) filminden bir bölek.

Karen Şahnazarowyň surata düşüren ol filmi Alekseý Warakin atly moskwaly bir hünärmeniň durmuşynda bolup geçýän wakalara esaslanýar. Ol sowadyjy enjamlaryň tehniki aýratynlygyny üýtgetmek üçin bir önümçülik desgasyna barýar. Ol önümçülik desgasynyň içine giren mahaly geň-taňlyklar başlanýar.

Onuň bir ýarym sagat owal islän synag tagtasy taýýar edilmändir. Sekretar zenan ýalaňaç gezip ýör. Ýöne hiç kim oňa geňirgenmeýär we ähmiýet hem bermeýär.

Baş hünärmeniň sekiz aý owal bir enjam sebäpli ölendiginden önümçilik desgasynyň müdiriniň habary hem ýok ekeni. Önümçilik desgasynyň aşhanasynda hünärmene edil öz kellesine meňzäp duran tort hödürleýärler. Ol ony iýmejek bolanda aşpez namys edip özüni atyp öldürýär.

Azaply ýollardan ýyldyzlara

SSSR-iň dargamagyndan soň ors hipsterleriniň kultuna öwrülen ol kinofilm ýazyjy Kir Buliçowyň romany esasynda (1981) režissýor Riçard Wiktorow tarapyndan surata düşürilýär.

"Azaply ýollardan ýyldyzlara" filminiň afişasy.
"Azaply ýollardan ýyldyzlara" filminiň afişasy.

21-nji asyrda orbitada başga planetalylaryň hatardan çykan kosmos gämisi tapylýar, onuň içinde-de gelmişekleriň jesetleri bar. Ýöne olaryň arasynda gumanoid zenan ölmän galan ekeni. Emma ol öz adamsyny ýitiripdir. Ony kosmos gämisinden çykaryp, ýer planetasyna getirýärler.

Alym Lebedew ony öz öýüne äkidýär we oňa "Niýa" diýip at berýär. Aradan wagt geçensoň Niýanyň adamdan daşgary aýratynlygy äşgär bolýar. Gumanoid klonlary dolandyrmak üçin onuň beýnisinde hususy neýromerkez döredilen ekeni.

Niýa öz watany Dessa planetasyny, ol ýerdäki öýüni küýseýär. Ol o taýda biznesmenleriň pul üçin tebigaty zaýalaýandyklaryny gürrüň berýär.

Niýany öz planetasyna iberýärler. Emma Niýa o taýyk dolananda, onuň beýnisi ýerli monopolistiň eline geçýär...

XS
SM
MD
LG