Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň ozalky ministri Waşingtonda öldi


 Mihail Lesin
Mihail Lesin

Orsýetiň ozalky metbugat ministri Mihail Lesin Waşingtonda ýürek tutgaýyndan ýogaldy diýip, 6-njy noýabrdaky metbugat habarlarynda aýdylýar.

Ol bir zaman Kremliň kontrollugyndaky “Gazprom-Media” läheňine ýolbaşçylyk edipdi.

“ABC News” rus we amerikan resmilerine salgylanyp, 57 ýaşyndaky Lesiniň 5-nji noýabrda Waşingtondaky myhmanhana otagyndan öli tapylandygyny aýdýar.

TASS we ABC polisiýanyň hiç bir başga alamat tapmandygyny, emma bu ölüm boýunça resmi derňew işine başlandygyny habar berýär.

Käbir amerikan kanunçylary Lesini 1999-njy ýyldan 2004-nji ýyla çenli Orsýetiň metbugat ministri bolanda, garaşsyz mediany senzura sezewar etmekde aýyplady.

Ol 2013-nji ýylda “Gazprom-Media Holdingiň” başlygy boldy we soňky ýyl maşgala sebäplerine salgylanyp, işden çekildi.

ABŞ-nyň bir senatory 11 aý ozal Adalat departamentinden Lesiniň bikanun fondlary ulanyp, Los Anjelsde millionlap dollara durýan jaýlary nädip satyn alandygyny derňemegi sorady.

XS
SM
MD
LG