Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa terror pidalarynyň ýasyny tutýar


Fransiýa terror hüjüminiň pidalarynyň hatyrasyny tutmak üçin üç günlük ýasa başlady.
Fransiýa terror hüjüminiň pidalarynyň hatyrasyny tutmak üçin üç günlük ýasa başlady.

Fransuz derňewçileri Parižde 129 adamy öldüren, 350-den gowrak adamy ýaralan hüjümleri amala aşyranlaryň biriniň şahsyýetini anyklady.

Alžir asylly fransuz raýaty Mostefai ozal ownuk jenaýatda tanalan we radikallaşan diýip bilinýär.

29 ýaşyndaky Omar Ismail Mostefainiň şahsyýeti hüjümleriň biriniň amala aşyrylan ýerinde tapylan barmak arkaly kesgitlendi diýip, AFP habar gullugy ýazýar.

Aýdylmagyna görä, Mostefaýä golaý alty adam, şol sanda onuň kakasy, erkek dogany we gelnejesi tussag astyna alyndy.

13-nji noýabrdaky utgaşdyrylan hüjümler fransuz paýtagtynyň alty sany dürli ýerinde, şol sanda Bataklan konsert zalynda, Fransiýanyň milli stadionynda, restoranlarda we barlarda amala aşyryldy.

Prokurorlar bu hüjümlerde agyr ýaraglanan we partlaýjy guşak geýen ýedi hüjümçiniň öldürilendigini aýdýarlar.

Terror hüjümleri netijesinde 350-den gowrak adam ýaraly boldy, olaryň 99-synyň ýagdaýy agyr.

«Yslam döwleti» jeňçi topary bu hüjümleriň jogapkärçiligini öz boýnuna alyp, olary Fransiýanyň Siriýadaky we Yrakdaky ekstremist toparlara howa zarbalaryny urmagy bilen baglanyşdyrdy.

Parižiň prokurory Fransua Molins 14-nji noýabrda bu hüjümleri «terrorçylaryň üç utgaşdyrylan toparynyň», elýeterli himiki maddalardan aňsat ýasalýan we bilmesi kyn bolan TATP partlaýjy guşagyny geýen ýedi janyndan geçen bombaçynyň gatnaşmagynda, amala aşyrandygyny aýtdy.

"Biz olaryň nirede gelendigini we nähili maliýeleşdirilendigini anyklamaly..." Molins aýtdy.

Ol Bataklanda belgiýa nomerli maşynyň tapylandygyny, onuň Belgiýada ýaşaýan fransuz erkegi tarapyndan kireýine alnandygyny aýtdy.

Resmiler ýaragly adamlar tarapyndan ulanylan başga bir maşynyň paýtagtyň gündogar çetinden tapylandygyny aýtdylar.

Belgiýanyň polisiýasy Pariždäki hüjümler bilen ilteşiklilikde güman edip, üç adamy tussag etdi.

German resmileri günorta ştat bolan Bawariýada şu aýyň başynda bir adamyň tussag edilendigini, onuň maşynyndan ýarag, partlaýjy tapylandygyny we onuň hem bu hüjümler bilen bagly bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Ahmed Almuhamediň pasporty, 15-nji noýabr, 2015.
Ahmed Almuhamediň pasporty, 15-nji noýabr, 2015.

«Stade de France» stadionynda hüjümçileriň biriniň jesediniň golaýyndan Siriýanyň bir pasporty tapyldy.

Serbiýanyň Içeri işler ministrligi hüjümçileriň biriniň «Stade de France» stadionynyň ýanyndaky jesediniň golaýynda tapylan pasportuň eýesiniň şu ýylyň 7-nji oktýabrynda Presewo serhet geçelgesinde resmi taýdan gaçybatalga gözleýji hökmünde hasaba alnandygyny aýtdy.

Presewo serhet geçelgesi Serbiýa bilen Makedoniýanyň arasynda ýerleşýär.

Grek resmileri bu dokumentiň 3-nji oktýabrda Leros adasyndan geçmek üçin ulanylandygyny tassyk etdiler.

Prezident Fransua Olland adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we Türkiýede 20-de sammitine gatnaşmagyny goýbolsun etdi.

Pidalaryň we aman galanlaryň maşgalalary üçin Parižiň Notre Dame ybadathanasynda ýörite ybadat geçirilýär.

Häzir Ýewropa Bileleşiginiň gezekli prezidentligini ýerine ýetirýän Lýuksemburg ÝB-niň içeri işler ministrleriniň 20-nji noýabrda duşuşyp, Ýewropanyň bu hüjümlere berk gaýtawul bermek barada adatdan daşary maslahat geçirjegini yglan etdi.

Şu aralykda Fransiýa, 2004-nji ýyldaky Madrid partlamalaryndan soň Ýewropadaky iň ganly terror hüjüminiň pidalarynyň hatyrasyny tutmak üçin üç günlük ýasa başlady.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG