Fransuz polisiýasy Pariždäki konsert zalynda ýaragly adamlar tarapyndan 100 töweregi adamyň öldürilendigini, restoranda ondan gowrak adamyň atylyp öldürilendigini, janyndan geçenleriň ýurduň iň uly futbol stadionynda amala aşyran partlamalarynda ençeme adamyň ölendigini aýdýar.
Fransuz paýtagtynda 13-nji noýabr gijesi guralan hüjümler ýurduň taryhyndaky iň elhenç terror hüjümi bolup durýar.
Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland Parižde guralan hüjümlerde 127 adam öldürildi diýdi we bu işiň "Y»lam döwleti» toparynyň ekstremistleri tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.
Pariždäki hüjümleri «uruş hereketi» diýip atlandyrmak bilen, Olland 14-nji noýabrda telewideniýe arkaly eden çykyşynda bu hüjümleriň Fransiýanyň içinden kömek berilmegi netijesinde daşary ýurtdan gurnalandygyny hem amala aşyrylandygyny aýtdy.
Sekiz hüjümçi hem öldi, olaryň ýedisi, partlaýjyly guşaklaryny ýaryp, özüni öldürdi. Jeňçileriň köpüsiniň entek azatlykda bolmagy mümkin diýip, prokuratura edarasy aýtdy.
Adam paýhynlamagyň iň elhenç sahnasynda ýaragly adamlar, amerikan rok ansamblynyň 1500 tomaşaçynyň öňünde çykyş edýän Bataklan konsert zalyna girdiler.
Hüjüm wagtynda konsert zalynda bolan şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, ýaragly adamlaryň käbiri arap dilinde «Alla beýik» diýip gygyrypdyr we olar dowla düşen, aşak ýatyp gizlenmäge çalşan saz muşdaklaryny oka tutupdyrlar.
Pidalaryň käbiri Fransiýanyň saýlama güýçleri zala zabt edende, jeňçiler partlaýjyly guşaklaryny ýaranlarynda heläk bolupdyr. Fransuz güýçleri bir jeňçini bombaly guşagyny ýarmanka atyp öldürmegä ýetişipdir.
Fransuz prezidenti Fransua Olland hiç bir hüjümçä we olaryň diri galan jenaýat şärigine rehim edilmejegini aýtdy.
Hüjümleri «ýigrenji» we «wagşylyk» atlandyrmak bilen, ol "Biz söweşiň öňüni çekeris. Biz rehimsiz bolarys» diýdi.
Olland adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we ýurduň serhetlerini ýapdy. Parižde 1500 çemesi fransuz esgeri ýerleşdirildi.
Olland Türkiýede 14-nji noýabrda geçýän G20 sammitine gatnaşmagyny goýbolsun etdi we Ýeliseý köşgünde Goranmak geňeşiniň maslahatyny çagyrdy.
Şäher merkezindäki restoranda, azyndan iki sany ýaragly adamyň eden hüjüminde azyndan 11 adamyň öldürilendigi aýdylýar. Ýaraly bolanlar hem kän we hüjümçiler wakanyň bolan ýerinden gaçyp gutulandyr öýdülýär.
Çak bilen edil şol wagtlarda Parijiň Bataklan stadionyna hem birnäçe ýaragly adam hüjüm etdi. Bu ýerde Birleşen Ştatlaryň «Eagles of Death Metal» rok ansambly çykyş edýärdi.
Şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, dört sany maskasyz adam zala kürsäp girip, adamlary oka tutmaga başlaýar. Konserte gatnaşýan bir žurnalist SNN-e atyşygyň birnäçe minut dowam edendigini aýtdy.
Ol konserte gelenleriň bir toparynyň öldürilendigini, ýene bir toparynyň bolsa ýaralanandygyny aýtdy. käbir habarlarda ýaragly adamlaryň zamunlary ýeke-ekeden atyp öldürendikleri aýdylýar.
Hüjüm başlanyndan birnäçe sagat soň, fransuz goşunlary zala zabt edende, azyndan üç hüjümçi partlaýjy guşak bilen öldürildi.
Şu aralykda şäher merkeziniň demirgazygyndan, «Stade de France» stadionynyň ýanynda partlama sesleri eşidildi. Bu ýerde Fransiýa bilen Germaniýanyň arasynda futbol ýaryşy geçirilýärdi.
Partlamalar oýnuň birinji ýarymynda bolup, janköýerleriň köpüsi dowla saldy.
Prezident Ollanda, içeri işler ministri Bernard Cazeneuve, Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeiýer dagy stadiondan ewakuasiýa edildi.
Oýun togtadylmady we tomaşaçylar ýaryş tamamlanyndan soň bir toplanyp, stadiondan çykmaga ýaýdanyp durdylar.
Olar diňe hemme zat kadaly, gidip bilersiňiz diýlenden soň, ýuwaş-ýuwaşdan gaýdyp başladylar.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ak tamda «Pariž hüjümleri bigünä graždanlary gorkuzmak üçin edilen elhenç synanyşyk» diýdi. Ol munuň «ýürek gyýyjy ýagdaýdygyny» we «ähli adamzada edilen hüjümdigini aýtdy.
Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.