Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa “YD-a” garşy zarbalaryny ýygjamlaşdyrýar


Orsiýetiň prezidenti Wladimir Putin. 16-njy noýabr, 2015 ý.
Orsiýetiň prezidenti Wladimir Putin. 16-njy noýabr, 2015 ý.

Orsiýetiň prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň öz “Yslam döwleti” toparyna garşy alyp barýan harby operasiýalaryny mundan beýläk has hem ýygjamlaşdyrjakdygyny aýtdy.

”Biz hiç zady we hiç kimi ýadymyzdan çykaramzok. Sinaýda biziň watandaşlarymyza garşy amala aşyrylan jenaýat heläk bolan adamlaryň sany boýunça [Orsýetiň graždan awiasiýasynyň taryhynda] iň ganly wakadyr” diýip, Putin öz çykyşynda belledi.

Onuň bu sözleri agzalýan pajyga bilen bagly Orsýetiň Federal aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy Aleksandr Bortnikowyň çykyşyndan soň köpçülige ýetirildi. Bortnikow bolsa munuň öň ýanyndaky çykyşynda oktýabr aýynda Sinaýda heläkçilige uçran rus uçarynyň terroristler tarapyndan urlup ýykylandygyny resmi derejede tassyklady.

“Terroristik hereket”

”Metrojetiň” A321 kysymly ors uçary Müsüriň Şarm el-Şeýh şäherinden Orsýetiň St. Peterburg şäherine barýarka ýolda partlady we bu heläkçilikde ölen 224 ýollagçynyň hemmesiniň diýen ýaly Orsýetiň raýatlarydygy aýdylýar.

Şol hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” toparyna degişli jeňçiler boýun aldylar. Emma edil şol wagt Orsýetiň syýasy ýolbaşçylary bu heläkçiligiň sebäpleri barada anyk bir zat aýtmakdan saklandylar we gutarnykly karara gelmek uçin resmi derňewleriň netijesine garaşjakdyklaryny aýtdylar.

Orsýetiň Federal aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy Aleksandr Bortnikow 16-nji noýabrda eden çykyşynda biz Sinaýda bolan şol wakanyň terroristik hereketdigini doly tassyklap biljek diýdi.

Ol prezident Putiniň ýolbaşçylygynda 16-njy noýabrda geçirilen ýygnakda agzalýan uçaryň ýarylmagyna içki däl-de, daşky täsir sebäp bolupdyr diýdi.

“Sapak bolsun”

Bortnikow , uçaryň içinde ýerleşdirilen bomba partlandan soň, onuň asmanda dargandygyny we edil şu ýagdaý sebäpli uçaryň bölekleriniň uzak aralyga pytrandygyny belledi.

Prezident Putin, şol wakada dahyly bolan adamlar nirede bolsa-da, ýüze çykarylyp, olaryň jezalandyryljakdygyny mälim etdi.

Ol aýratynam Orsýetiň Daşary işler ministrligine ýüzlenip, “Bu meselede öz kärdeşleriňiz bilen habarlaşyp, olardan şol waka dahyly bolan adamlary tapmaga we olary jezalandyrmaga kömek soraň” diýdi.

Orsýetiň prezidenti öz çykyşynda Orsýetiň Siriýada alyp barýan howa hüjümlerini güýçlendirjekdigini mälim edip, bu şeýle jenaýatlary amala aşyrýanlara sapak bolsun diýdi.

Orsýet, mälim bolşy ýaly, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldamak maksady bilen 30-njy sentýabrda Siriýada öz howa hüjümlerine başlapdy. Ol bu hüjümlerde Siriýadaky oppozision söweşiji toparlary, şol sanda ”Yslam döwletini” nyşana alýar.

Orsýet, Parižde bolan terroristik aksiýanyň yzysüre, özüniň Siriýadaky howa hüjümlerini güýçlendirjekdigini habar berdi. Geçen hepdäniň soňunda Parižde bolan hüjümlerde azyndan 129 adam öldürildi we şol hüjümleriň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG